Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp habarçylar naharyna barmajagyny aýdýar


Prezident Donald Tramp
Prezident Donald Tramp

Habar serişdeleri bilen oňşuksyz gatnaşyga ulaşan ABŞprezidenti Donald Tramp, öňden gelýän debi bozup, Ak tamyň Habarçylar naharyna barmajakdygyny aýdýar.

Tramp muny 25-nji fewralda, twitterde aýtdy: “Men bu ýyl Ak tamda Habarçylaryň assosiasiýa naharyna barmaryn. Haýyş edýärin, hemmelere gowulyk we ajaýyp agşam arzuwlaň» diýip, ol ýazdy.

Tramp ABŞ-nyň öňdebaryjy habar guramalaryna gaýta-gaýta hüjüm etdi, ýagny olaryň habarlaryny "galp habar» atlandyrdy, bir toparyna bolsa «Amerikan halkynyň duşmany» diýdi.

Bu aladaly gatnaşyk zerarly, žurnalistleriň hem köpüsi 29-njy aprelde Waşingtonda geçiriljek çärä barmazlygyň pikirini edýändiklerini aýtdylar.

Köp adam Trampyň prezidentlige dalaş etmegini 2011-nji ýylyň Habarçylar nahary mahalynda bolan zat bilen baglamaga çalyşýar.

Şol agşamda prezident Barak Obama onuň özi hem şol ýerde otyrka Trampy birnäçe degişmäniň obýektine öwrüpdi.

Bu naharda adatça tanymal şortalar iş başyndaky prezident hakynda degişme-ýomaklar bilen çykyş edýär.

XS
SM
MD
LG