Sepleriň elýeterliligi

Türkmen prezidenti köne hökümetden täze hökümet düzdi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow köne hökümetiň agzalaryny täze hökümetiň düzümine girizmegi dowam etdi.

Döwlet baştutanynyň kararlary esasynda bilim ministri wezipesine Pürli Agamyradow, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesine Nurmuhammet Amannepesow, Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine Toýly Kömekow, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesine Çary Gylyjow bellenildi.

Olar öňki hökümetiň düzüminde hem şu wezipeleri eýeläpdiler.

Aşgabat şäher häkiminiň orunbasary bolup işlän Gülşat Orazmuhammedowa Medeniýet ministri wezipesine bellenildi.

Şeýle-de prezident Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory Gurtnyýaz Hanmyradowy «işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin» wezipesinden boşatdy.

Boşan wezipä bilim ministriniň orunbasary bolup işlän Baýramgül Orazdurdyýewa bellenildi.

XS
SM
MD
LG