Sepleriň elýeterliligi

Gitleriň ulanan telefony 240 müň dollara satyldy


Adolf Gitleriň telefony

Adolf Gitleriň telefony geçirilen auksionda takymam 240 müň amerikan dollaryna satyldy.

Milletparaz lideriň 1945-nji ýylda Berlindäki bir penahanasyndan tapylan şahsy telefony ABŞ-da ady bilinmeýän bir adama satylypdyr. Bu maglumaty "France Press" habar gullugy halk köpçüligine ýetirýär.

Bu Adolf Gitleriň 2-nji jahan urşynda köpsanly buýrugy bermek üçin ulanan telefonydyr. Asly gara reňkde bolan telefon, soň gyzyla reňklenipdir. Siemens firmasy tarapyndan öndürilen telefonyň ýüzünde Gitleriň ady we milletparazlyk nyşanasy bar. Milletparaz lider 1945-nji ýylda hut şol telefon bilen öz häkimiýetini goramaga dalaş edipdir. Gitler telefondan ömrüniň ahyrky iki ýylynda peýdalanmaga başlapdyr we adaty saparlarynda ol hiç wagt telefon ulanmandyr.

ABŞ-daky "Aleksandr taryhy auksiony" telefona ilki başda 100 müň amerikan dollary möçberinde baha kesgitläpdir.

Ol telefony Berliniň goranşynyň synmagyndan soň Gitleriň penahanasyndan ors esgeri tapypdyr we ony Britaniýaly serkerde sir Ralph Raýnere tabşyrypdyr.

Soň ol telefon Raýneriň ogluna miras galýar. Soň ol telefony gyzyla reňkläpdirler we ahyrynda-da ýaňky auksionda satuwa çykarylýar.

XS
SM
MD
LG