ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp NATO berk goldaw bildirýändigini mälim etdi, emma bileleşigiň agzalarynyň çykdajylaryň agramyny çekmek boýunça işleşmegine eden çagyryşyny gaýtalady.
Trampyň 28-nji fewralda Kongressiň bilelikdäki sessiýasynda eden bu çykyşy geçmişde tankyt eden trans-atlantik bileleşigi üçin köşeşdirjji alamat hökmünde kabul edildi.
“Biz NATO-ny, iki Jahan urşunyň seplerinde gurlan, faşizmi ýok eden, kommunizmi ýykan Sowuk uruşda ýeňen ýaranlygy berk goldaýarys” diýip, ol kanun çykaryjylaryň el çarpyşygy astynda aýtdy.
2-nji ýanwarda häkimiýet başyna geçen Donald Trampyň Kongressde eden bu ilkinji çykyşy esasan saglygy saklaýyş, ýollaryň we köprüleriň ýaramazlaşmagy ýaly içerki meselelere gönükdirildi.