Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan “Boeing” kompaniýasyndan ýene bir uçar satyn aldy


"Türkmenhowaýollary" kompaniýasynyň uçary

“Türkmenhowaýollary” ABŞ-nyň “Boeing” kompaniýasyndan ýene bir uçary satyn aldy.

“Boeing 737-800” kysymly bu täze uçaryň iň ösen tehnologiýalar bilen abzallaşdyrylandygyny we ýokary tygşytlylygy, oňaýlylygy bilen tapawutlanýandygyny, 160 ýolagça niýetlenýändigini TDH döwlet habar agentligi mälim etdi. Maglumatda bu uçaryň Türkmenistandan amala aşyrylýan halkara reýsleriniň sanyny we ýyglyklaryny artdyrmaga ýardam berjekdigi aýdylýar.

“Türkmenhowaýollarynyň” resmi maglumatynda kompaniýanyň 20 sany “Boeing” uçarynyň bardygy, 15 çemesi ýurda göni reýsleriň amala aşyrylýandygy aýdylýar. Şeýle-de kompaniýa ýylda 2 milliona golaý ýolagçyny gatnadýandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG