Orsýetiň resmileri ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň öz saýlaw kampaniýasynyň agzalarynyň we Orsýetiň wekilleriniň arasyndaky kontaktlaryň daşyndaky gapma-garşylyklar barada eden tankydyny gaýtalady we muny “duşman gözlemek” diýip atlandyrdy.
Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow we prezident Wladimir Putiniň metbugat wekili Dmitriý Peskow 3-nji fewralda bu häsiýetlenmäni ulandylar.
Bu çykyşlar prezidentlik kampaniýasynyň dowamynda onuň resmileriniň Orsýetiň ABŞ-daky ilçisi bilen alyp baran kontaktlary barada ABŞ-nyň respublikan we demokratik kanun çykaryjylarynyň ýiti tankytlarynyň güýçlenen wagtyna gabat geldi. ABŞ-nyň Baş prokurory Jeff Sessions 2-nji martda eden çykyşynda bu kampaniýa bilen bagly derňewlerden çekilendigini aýtdy.
Tramp soň Sessionsy goldady we Kongressde onuň derňewlerden çekilmeginiň ýa-da wezipesinden çekilmeginiň talap edilmegini “duşman gözlemeklik” diýip atlandyrypdy.