BMG Yragyň Mosul şäherinde himiki ýaraglaryň ulanylmagynyň, eger tassyk bolsa, uruş jenaýaty we halkara kanunçylygynyň bozulmagy boljakdygyny duýdurdy.
"Bu aýylganç" diýip, BMG-niň Yrakdaky ynsanperwerçilik utgaşdyryjysy Lise Grande 4-nji martda aýtdy.
"Her hili ýagdaý bolanda hem, himiki ýaraglaryň ulanylmagy hiç bir jähtden aklanylyp bilinmez" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Grande bu sözleri hökümet güýçleri bilen «Yslam döwleti» toparynyň söweşijileriniň arasynda Mosul ugrunda barýan söweşde himiki ýaraglar ulanldy diýen habaryň peýda bolan gününiň ertesi aýtdy.
Emma bu diýilýän ýaraglary haýsy tarapyň ulanandygy, kimiň günälidigi aýdyň däl.
BMG-niň Saglyk guramasy 4-nji martda 12 adamyň, şol sanda çagalaryň we aýallaryň Mosulda ulanylandygy çaklanylýan himiki ýaraglardan alnan ýaralaryny bejerdýändigini aýdýar.
Mulikowyň özi eden etdilige ýol berdi. Indi ozünede edýärler. Araplarda bir söz bar. Men dakka dukka. Eden tapar diýleni. Tak çto häzirki oturan wezipeli çinowniklerem özlerni pensiýa çykyp gidip oturaryn oýtmesinler. Soňyňyz Mulikowdan üýtgeşik bolmaz eger adam hukugyny depgileseňiz, Konstitusiýadan, kanundan daşlaşsaňyz. Mulikow diýilýan adam ýaranjanlygyň netijesiniň boşdygyny subut etdi. Diýmek ýeri gelende etjekdäl diýmegem başarmaly eken. Anha indi düýnki basgylan kanunlary, adam hukuklary, konstitusiýasy hemme kimden beter özüne gerek bolup dur. Ýone indi giç. Ol giren ýeriňden belki çykarsyň, belki çykyp bilmän o dünýä ötersiň. Örän gynançly waka we soň.