Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek aktiwisti Urlaýewa ruhy hassahanadan habar ýaýratdy


Ýelena Urlaýewa

Özbegistanyň tanymal adam hukuklary aktiwisti Daşkendiň psihiki keselhanasyndan weideoýazgy ýaýratdy, ol özüniň polisiýa tarapyndan alnyp gaçylandygyny we bu ýerde öz erkine garaman saklanylýandygyny aýdýar.

Aktiwist, Özbegistanyň "Adam hukuklary ýaranlygynyň" baştutany Ýelena Urlaýewa bu wideony 3-nji martda ýaýratdy we onda özüniň iki gün ozal alnyp gaçylandygyny gürrüň berýär.

Aktiwist Ýelena Urlaýewa ruhy hassahanadan wideo iberdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:29 0:00

Ol polisiýanyň özüni 2-nji martda, Bütindünýä bankynyň wekilleri bilen planlaşdyrylan duşuşyga barmagynyň öňüni almak üçin tussag edendigini, bank wekilleri bilen Özbegistanda adam gaçakçylygy barada gürrüň etmekçi bolandygyny aýdýar.

Aktiwist polisiýanyň wekilleriniň özüni hassahanada taşlap gitmezlerinden öň urandygyny we masgaralandygyny hem gürrüň berdi.

Polisiýa ofiseri Azat Ýewropa we Azatlyk radiosynyň Özbek gullugyna Urlaýewa garşy hiç kimiň fiziki güýç ulanmandygyny aýtdy.

56 ýaşyndaky Urlaýewa Özbegistanyň pagta senagatynda çaga zähmetiniň ulanylyşyna, şeýle-de beýleki bir topar adam hukuklary meselesine köp ýyl bäri gözegçilik edýär.

Ol geçmişde gaýta-gaýta zor bilen ruhy hassahana ýerleşdirildi. Soňky gezek ol 2016-njy ýylyň martyndan başlap, üç aýlap ruhy hassahanada saklanyldy.

Halkara zähmet guramasy şu ýylyň başynda Özbegistanyň 2.8 million pagta ýygyjysynyň üçden biriniň «meýletin däl” zähmetkeşdigini habar berdi.

XS
SM
MD
LG