Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň awtoulaglary adamlary sergezdan edýär


Resmi mediada uly köçeleriň ýapylýandygy we jemgyýetçilik transportlarynyň ugruny üýtgetmegi bilen bagly ilat köpçüligine hiç hili maglumat berilmeýär.
Resmi mediada uly köçeleriň ýapylýandygy we jemgyýetçilik transportlarynyň ugruny üýtgetmegi bilen bagly ilat köpçüligine hiç hili maglumat berilmeýär.

Aşgabat şäherinde ýollaryň rekonstruksiýasy bilen bagly, soňky bir aýyň dowamynda jemgyýetçilik awtobuslarynyň gatnawynyň juda ýaramazlaşandygyna üns çekilýär.

Andalyp köçesiniň 10 ýyl abadançylyk köçesi bilen kesişýän çatrygynda, ozalky binagärligiň sökülip aýrylmagy we bu çatrykda ýerasty geçelgäniň gurluşygyna başlanmagy bilen şäheriň Parahat-4/2 etrapçalarynyň ýaşaýjylary 18-lik, 23-lik, 26-lyk, 29-lyk, 38-lik awtoulaglaryň hyzmatyndan doly diýen ýaly kesildiler.

“Jemgyýetçilik gatnawyndan doly kesilsedik, onda arkaýyn bolup, öz günümizi özümiz görmegiň alajyny ederdik” diýip, 10 ýyl abadançylyk köçesiniň köp gatly jaýlarynyň ýaşaýjylaryndan biri Şirin zeýrenýär.

Onuň aýtmagyna görä, 10 ýyl abadançylyk köçesiniň gündogar böleginden gelýän öňki jemgyýetçilik awtoulaglary ýollaryň ýapylýan wagty, Andalyp köçesine ýetmän, ýol gurluşygnyň başlanýan ýerinden, kiçi etrapçanyň ara ýollaryna düşüp, etrapçanyň içinden geçip, ýene Andalyp köçesine çykýan ekeni.

Soňra sürüjiler bu ýoldan gatnamasyny kesip, 10 ýyl abadançylyk köçesiniň gündogaryndan gelip, Ýubileýnaýa köçesi bilen Ýunus Emre köçesine düşüp, ugurlaryny üýtgedipdirler.

“Ilat öz köçelerinden awtobus gatnawy doly kesildi diýip, işe we şähere barmaly ýerlerine taksylarda gatnap başlapdy. Emma bir görsek, awtoulaglaryň käbiri ýene-de kiçi etrapçanyň ara ýollarynda görnüp ugrady. Indä ulaglar ozalky ýoly bilen gatnap başlady diýip, münen ulagmyz bolsa, ara ýollardan ýöremän, başga-başga köçelere alyp gidýär” diýip, Şirin aýdýar.

Bu alasarmyklygyň işe gatnaýan adamlar üçin agyr kynçylykdygyny we iş ýeriňe wagtynda barmakda bökdençlik döredýändigini ýaşaýjylar aýdýarlar.

“Her gün taksa pul berip durmagam aňsat däl, emma awtoulaglaryň nireden girip-nireden çykýandygyna düşünmeseň, ýene-de taksylara el galdyrmaly bolýarsyň” diýip, bir ýaşaýjy nägileligni bildirýär.

“Duralgada duransyň, emma garaşýan belgili awtobusyň sagatlabam gelmeýär. Özüňe gerek awtoulagyň ýöreýän ýoluny öwrendim diýip, başga duralga barsaň, garaşýan awtobusyň ol ýerden hem eýýäm ýoluny üýtgedendir” diýip, duralgada duran ýolagçylar biri-birine arzyny aýdýarlar.

Ýagdaýyň diňe Parahat massiwinde däl, şäheriň beýleki ýerlerinde-de şeýledigini ýolagçylar aýdýarlar.

“Her 20-25-minutdan gelýän awtobusyň indiki biriniň gelerine garaşyber, ol bolsa öňki ugry bilen gelmän, başga ugra sowlup gider. Awtoulaglar adamlary sergezdan edýär. Awtoulaglaryň sürüjilerinden sorasaň, bize belli ýerden ýöremäge awtoparkyň ýolbaşçylary görkezme berenoklar, her sürüji özüne amatly hasaplaýan ugry bilen ýöreýär” diýip, 6-lyk belgili awtobusyň sürüjisiniň jogap berendigini Hitrowkadan şähere işe gatnamaly bolýan Sülgün aýdýar.

Halturin köçesi bilen Sewastopol köçesiniň çatrygyndaky duralgada awtobusa garaşyp durandygyny, emma Şor-Garadamak tarapdan gelýän 6-lyk belgili awtoulagyň ozalky ýoly bilen göni ýöremän, Sewastopol köçesine sowlandygny bir ýolagçy aýdýar.

Şol bir wagtda, ýurduň mediasynda uly köçeleriň ýapylýandygy we jemgyýetçilik transportlarynyň ugruny üýtgetmegi bilen bagly ilat köpçüligine hiç hili maglumat berilmeýär.

XS
SM
MD
LG