Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kosowa ýurduň howpsuzlyk güýçlerini adaty armiýa öwürmekçi


Kosowanyň prezidenti Haşim Taçi.
Kosowanyň prezidenti Haşim Taçi.

Kosowanyň prezidenti parlamentden ýurduň ýeňil ýaraglanan howpsuzlyk güýçlerini adaty armiýa öwürmegi sorady. Bu hereket Kosowanyň garaşsyzlygyny ykrar etmegi ret edýän serb liderleriniň gyssagly närazylyk bildirmegine sebäp boldy.

7-nji martda Haşim Taçi bu baradaky kanun taslamasyny tassyklap, “Kosowanyň Howpsuzlyk güýçleriniň armiýa öwrülmegi özygtyýarly we garaşsyz döwletiň ätmeli adaty ädimleri” diýdi.

“Şeýle kanuny inisiatiwa... regionyň parahatçlygyna we durnuklylygyna goşant goşan mahaly, Kosowanyň territorial özbaşdaklygyny we bitewüligini, parahatçylygyny we goranyşyny goramaga gönükdirilendir” diýip, Taçi belledi.

Ol bu kanun taslamasyna Kosowadaky serb etniki azlygynyň garşylyk görkezendigini hem boýun aldy.

Taçiniň ýurduň howpsuzlyk güýçlerini adaty armiýa öwürmek planynyň güýje girmegi üçin parlamentiň üçden iki bölegi bu kanun taslamasyny tassyklamaly.

XS
SM
MD
LG