Sepleriň elýeterliligi

Hytaý kompaniýasy sanksiýalary bozany üçin $892 million jerime tölär


Hytaý kompaniýasy sanksiýalary bozany üçin $892 million jerime tölär.

Hytaýyň “ZTE” atly uly telekommunikasiýa kompaniýasy Birleşen Ştatlaryň sanksiýalaryny bozup, Eýrany we Demirgazyk Koreýany täsirli tehnologiýalar bilen üpjün edeni üçin $892 million pul jerimesini tölemäge razy boldy diýip, 7-nji martda ABŞ-nyň hökümeti yglan etdi.

ABŞ-nyň Tehas ştatynyň etrap sudy tarapyndan tassyklanmagyna garaşylýan ylalaşyga laýyklykda, “ZTE” kompaniýasy öňümizdäki ýedi ýyllyk synag döwrüniň dowamynda düzgün bozmalary amal aşyrsa, onda ol ýene $300 million jerime tölemek bilen ýüzbe-ýüz bolup biler.

“Biz dünýä duýduryş berýäris: oýun gutardy. Biziň ykdysady sanksiýalarymyzy we eksporta gözegçilik edýän kanunlarymyzy äsgermeýänler jezasyz galmaz. Olar iň ýowuz netijeler bilen ýüzbe-ýüz bolarlar” diýip, ABŞ-nyň söwda sekretary Wilbur Ross aýtdy.

Birleşen Ştatlar “ZTE” kompaniýasyny 2010-njy ýylyň ýanwar we 2016-njy ýylyň aprel aýlary aralygynda ABŞ-nyň Eýrana garşy girizen gadaganlygyndan boýun gaçyrmakda aýyplady.

XS
SM
MD
LG