Sepleriň elýeterliligi

Trampyň öňki häkimi ABŞ-nyň Russiýadaky ilçisi wezipesine bellejekdigi aýdylýar


Jon Huntsman

Birleşen Ştatlaryň media serişdeleri Ak tamyň ýurduň Utah ştatynyň öňki häkimi Jon Huntsmandan ABŞ-nyň Russiýadaky nobatdaky ilçisi bolmagy sorandygyny we onuň bu teklibi kabul edendigini habar berýärler.

“Politico”, “Associated Press” we “NBC News” neşirleri Ak tamyň anonim resmisine salgylanyp, prezident Donald Trampyň Huntsmany iň täsirli we iň ýokary derejeli ilçi wezipeleriniň birine bellejekdigini ýazýarlar.

Bu waka Federal howpsuzlyk býurosynyň (FBI) we ABŞ-nyň Kongresiniň geçen ýylky prezident saýlawlaryna Russiýanyň goşulyşandygy baradaky aýyplamalary derňeýän mahalyna gabat geldi.

2012-nji ýylda ABŞ-nyň Respublikan partiýasyndan prezidentlige dalaşgär bolan Huntsman öňki prezident Jorj Buşuň (George Bush) döwründe Singapuruň we öňki prezident Barak Obamanyň döwründe Hytaýyň ilçisi wezipelerinde işledi.

XS
SM
MD
LG