Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabady suda beren türk firmasy bergidar edildi


"Içkale gurluşyk LTD" firmasy 2007-nji ýylyň martydan, 2008-nji ýylyň iýulyna çenli Türkmenistan hökümeti bilen 13 sany gurluşyk şertnamasyna gol çekýär. Illýustrasiýa
"Içkale gurluşyk LTD" firmasy 2007-nji ýylyň martydan, 2008-nji ýylyň iýulyna çenli Türkmenistan hökümeti bilen 13 sany gurluşyk şertnamasyna gol çekýär. Illýustrasiýa

Türkmenistanda alyp baran gurluşyk işleri üçin, puluň tölenmeýändigini aýdyp, Aşgabady halkara arbitraž suduna beren türk firmasynyň özi bergidar edildi.

Türkiýedäki "Içkale şereketler toplumyna" degişli "Içkale gurluşyk LTD" firmasy 2007-nji ýylyň martyndan, 2008-nji ýylyň iýulyna çenli Türkmenistan hökümeti bilen 13 sany gurluşyk şertnamasyna gol çekýär. Ýöne aradan kän wagt geçmän, türk firmasy bilen türkmen hökümetiniň arasynda düşünişmezlik ýüze çykýar.

Içkale firmasy 2010-njy ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistan hökümetini halkara arbitraž suduna berýär. Türk firmasy türkmen hökümetine "işiň göwrümini tölegsiz görnüşde giňeltmek, işleri maliýe serişdesi bilen üpjün etmeli Uglewodorod serişdelerini peýdalanmak we ulanmak baradaky döwlet agentligini düýpgöter ýatyrmak, iş haklarynyň tölegini wagtynda berjaý etmezlik, şertnamalaryň maliýe şertlerini üýtgetmek, salgyt girdejileriniň tölenmezligi üçin bank hasaplaryny petiklemek, adalatsyz jezalar bermek" ýaly aýyplamalar bildirýär. Türk firmasy halkara arbitraž sudunyň üsti bilen Türkmenistanyň hökümetinden 537 million amerikan dollary we 26 million 700 müň ýewro möçberinde jerime talap edýär.

Türkmenistanyň hökümeti bolsa, bu türk firmasynyň öňe sürýän ähli aýyplamalaryny ret edýär we "Içkale firmasynyň şertnamalar çägindäki borçlaryny berjaý etmegi başaryp bilmänsoň, günäni Türkmenistan döwletine ýöňkeýändigini" bildirýär. Türkmenistanyň hökümeti halkara arbitraž suduna hödürlän delilnamasynda, Içkale firmasynyň "boýnuna alan işleri berjaý edip bilmek üçin ýeterlik dolanyşyk, tehnika, işgär we maliýe serişdeleri ýaly mümkinçiliklere eýe bolmandygyny" öňe sürýär.

5 ýyl dowam eden dawa barasynda golaýda halkara arbitraž sudy bir karara geldi. Arbitraž geňeşi, Içkale firmasynyň talabyny "tutarygy bolmandygy" üçin tutuşlaýyn ret etdi. Ýöne halkara arbitraž sudy dawanyň dowam etmegine sebäp boljak ýene bir karar çykaryp, Içkale firmasynyň Türkmenistanyň hökümetine "hukuk işleriniň çykdajylary bilen bilelikde şaýatlaryň we bilermenleriň töleglerini hem öz içine alýan görnüşde, 1747521 amerikan dollary möçberinde jerime tölemegini talap etdi.

Türk metbugatynda aýdylşyna görä, ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän Türkmenistanyň hökümeti halkara arbitraž sudunyň çykaran kararynyň yz ýany Içkale firmasyndan talap edilýän puly almak üçin herekete geçdi. Ýöne Türkiýede baýlara dini gezelençler gurnamak bilen meşhurlyk gazanan Içkale şereketler toplumynyň başlygy Nadire Içkale halkara arbitraž sudunyň karary esasynda tölenmeli puly bermekden ýüz öwürdi. Türkmenistan bolsa mundan soň türk resmilerine ýülendi.

Türk habar serişdelerinde peýda bolan maglumata görä, Türkmenistanyň adalat ministri Begmyrat Muhammedow 2015-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Türkiýäniň adalat minstri Bekir Bozdaga hat ýazyp, halkara arbitraž sudunyň Içkale firmasy bilen bolan dawasy barasynda kabul eden kararyny bildirýär we alygynyň tölenmegi üçin kömek soraýar.

Bozdag türkmen kärdeşine bergiliniň döwlet däl-de, bir hususy firma bolup durýandygyny aýdyp, türkmen hökümetine şeýle maslahat berýär: "Bu sebäpden algyňyzy alyp bilmegiňiz barada kararlaryň çykarylmagy üçin, ilki başda öz ýurduňyzyň tutjak aklawçysynyň şeýle talap bilen türk kazyýetine ýüz tutmagy zerurdyr. Ministrligimiziň şeýle prosedura gatnaşmaga ygtyýary ýokdyr".

Ondan soň Türkmenistan Türkiýede bir aklawçy bilen şertnama baglanşyp, onuň Içkale firmasyndan algyny alyp bermegini tabşyrýar. Ygtyýar alan aklawçy Içkale firmasynyň bergisini töleýänçä mal-mülüniň gözegçilik astynda tutulmagy barasynda kazyýete ýüz tutýar.

Aklawçynyň arzasynyň yzýanyndan garaşylmadyk ýagdaý ýüz çykyp, Türkmenistana bergili bolan Içkale şereketler toplumynyň eýeçiligindäki mal-mülkler çalt depginde azalmaga başlaýar. Şeýlelikde Türkmenistana bergili bolan firmanyň eýeçiliginde jerimäni tölemäge ýeterlik mal-mülk galmaýar.

Türkmenistanyň Türkiýedäki aklawçysy, metbugatda çap edilen bu maglumatyň dogrudygyny tassyklar. Ýöne jikme-jik maglumatlar hakda žurnalistler bilen gepleşmekden saklanýandygyny aýdýar.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosyna bu ýagdaý bilen baglanşykly ne Içkale firmasyndan ne-de degişli türkmen resmilerinden kommentariý almak başartdy.

Sözümiziň ahyrynda jemlesek, bu waka bilen birlikde Türkmenistanda gurluşyk işleri bilen meşgullanýan başga-da türk firmalary tölegleriň edilmeýändigini aýdyp, şikaýat edipdiler.

XS
SM
MD
LG