Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG 1945-den bäri iň agyr ynsanperwerçilik krizisini duýdurýar


Stephen O’Brien
Stephen O’Brien

Dünýä 1945-nji ýyldan, BMG esaslandyrylaly bäri iň agyr ynsanperwerçilik krizisi bilen ýüzbe-ýüz bolýar, dört ýurtda 20 milliondan gowrak adam açlyga we gyrgynçylyga uçraýar diýip, BMG-nyň ynsanperwerçilik başlygy 10-njy martda eden çykyşynda aýtdy.

Stephen O'Brien BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşinde çykyş edip, "kollektiwleýin, utgaşdyrylan dünýä tagallasy bolmasa, adamlar göni açlykdan öler" diýdi. Şeýle-de ol köp adamyň"ejir çekip, keselçilikden öljegini" aýtdy.

Ol iýula çenli Ýemen, Günorta Sudan, Somali we demirgazyk-gündogar Nigeriýa üçin 4.4 milliard dollar möçberinde gyssagly kömek toplanmagyna çagyrdy. Şeýle-de ol, bu betbagtçylygyň öňüni almak üçin, kömegiň zerur ýerlerine päsgelçiliksiz eltilmegine şert döredilmelidigini aýtdy.

"Biz BMG döredileli bäri iň uly ynsanperwerçilik krizisine duçar bolýarys" diýip,O'Briýen aýtdy. Ol iň agyr ýagdaýyň Ýemende emele gelendigini, ilatyň üçden ikisiniň gyssagly kömege mätäçdigini, ýedi milliondan gowrak adamyň açdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG