Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat ýene ýaşamaga amatsyz şäherleriň arasynda galdy


Aşgabat

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat «Merсer» firmasynyň ýyllyk hasabatynda ýene dünýäniň ýaşamak üçin iň bir amatsyz şäherleriniň sanawyna girdi.

Dünýä şäherleriniň arasynda durmuş, ýaşaýyş şertleriniň derejesi boýunça ýyllyk görkezijileri çap edýän iri konsalting firmasy 231 şäheriň arasynda durmuş rahatlygy boýunça barlag geçirdi.

Bu barlaga Merkezi Aziýadan dört paýtagt düşdi we Daşkent geçen ýylky ornunda, 205-nji bolup galdy, Bişkegiň orny geçen ýyl bilen deňeşdirilende iki dereje ýaramazlaşyp, 208-nji boldy, türkmen paýtagty Aşgabadyň derejesi geçen ýyldakydan üç dereje aşak gaçdy, ýagny ol sanawda 211-nji boldy.

Sebitde Aşgabatdan yzda diňe täjik paýtagty Duşenbe bar, ol 215-nji pozisiýany eýeledi.

Hasabatda Gazagystanyň Almaty şäherine baha berildi we ol 178-nji orny aldy, bu Merkezi Aziýa sebiti üçin iň gowy görkeziji bolup durýar.

Derňew geçirenler şäherlerdäki durmuşyň hiline on sorag esasynda baha berýärler. Birinji sorag şäheriň syýasy we sosial ýagdaýy (syýasy durnuklylyk, hukuk we azatlyk üpjünçiligi, jenaýatçylygyň derejesi) barada bolsa, ikinji sorag ykdysady ýagdaý (bank hyzmaty, walýutany erkin çalyşmak mümkinçiligi) bilen bagly.

Ýakynda Aşgabatda bolup gelen ýewropaly türkmen, adynyň aýdylmazlyk şerti bilen, türkmen paýtagtynda ilki göze ilýän we iň bol zadyň polisiýa işgäridigini, berk gözegçilikdigini aýtdy.

Elbetde, Türkmenistanda walýuta alyş-çalyş nokatlarynyň ýapylandygy we bu ugurdaky kynçylyklar barada köp ýazyldy. Şäher transporty, taksi hyzmaty hem ýaramaz, ýollarda bökdençlik, päsgelçilik kän diýip, ýewropaly türkmen beýle kynçylyklaryň goňşy Eýranyň paýtagty Tähranda, Daşkentde ýok diýerlikdigini gürrüň berdi.

Şäherlerdäki ýaşaýyş şertlerine baha berlende, suw, tok üpjünçiligi hem esasy soraglaryň biri bolup durýar. Türkmen paýtagtynda suw ýetmezçiligi hemişe bar we bu ýagdaý esasan yssy tomus aýlarynda uly kösençlige getirýär, toguň kesilmesi hem galmaýar diýip, Azatlygyň ýerli habarçylary aýdýar. Ýewropaly türkmen bolsa, suwuň hiliniň ýaramazdygyny, umuman, bazarlardaky azyk önümleriniň hiliniň hem öwerlik däldigini gürrüň berdi.

Şeýle-de ol Aşgabatdaky sarp ediş harytlarynyň arasynda başga ýurtlardan getirilen iň arzan önümleriň köp göze ilýändigini we hatda şolaryň hem ýerli ilat üçin o diýen arzan däldigini belledi.

Şäheriň durmuş derejesine baha berlende saglyk hyzmaty (medisinanyň derejesi, ýokanç keseller bilen bagly ýagdaý), ýaşaýyş jaýynyň hili (ýaşaýyş jaýynyň kireýine alynmagy, jaý hyzmaty, öý üçin harytlar) hem uly rol oýnaýar.

Türkmen raýatlarynyň, mümkinçilik tapsalar, goňşy ýurtlara saglyk syýahatyna gidýändigini, ýerli lukmanlaryň ýalňyş diagnoz goýmak ähtimallygynyň derejesini nazara alanyňda, saglyk hyzmatlary barada entek edilmeli işiň kändigigi aýdylýar.

Şol bir wagtda Aşgabatda täze we iň soňky enjamlar bilen abzallaşdyrylan saglyk binalarynyň yzygiderli ulanmaga berilýändigi habar berilýär.

Türkmenistanyň paýtagtynda jaý meselesi, amatly jaý tapmak we ol rahat ýaşamak iň çynlakaý meseleleriň biri bolmagynda galýar diýip, ýewropaly türkmen soňky ýyllarda Aşgabadyň görnetin iki bölege – saýlama jaýlara we kän ideg edilmedik köne jaýlara bölünendigini belledi.

Şol bir wagtda, dürli sport desgalarynyň gurluşygy we abadanlaşdyryş işleri bilen baglylykda, türkmen paýtagtynyň ýüzlerçe ýaşaýjysynyň öz hususy jaýyndan mahrum edilendigi, deregine ýeterlik kompensasiýa alyp bilmändigi aýdylýar.

Aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň tassyklamagyna görä, paýtagtda we onuň töwereginde ekilýän agaç nahallarynyň ýyl-ýyldan köpelmegi Aşgabadyň ekologiýasyna az-da bolsa täsirini ýetirýär.

Emma muňa garamazdan, "Merсer" konsalting firmasynyň derňewçileri Merkezi Aziýanyň şäherlerine medeni durmuş şertleri babatynda, aýdaly, Eýranyň we Pakistanyň, Ermenistanyň we Azerbaýjanyň, Belarusyň we Ukrainanyň, Nigeriýanyň we Zimbabwäniň paýtagtlaryndan pes baha beripdirler.

2017-nji ýylda ýaşamak üçin iň gowy şäher diýlip ýene Wena, Awstrianyň paýtagty (indi tapgyr sekizinji ýyl) seçildi, iň amatsyz şäher Yragyň paýtagty Bagdat hasaplandy.

Merkezi Aziýanyň şäherleri geçen ýyl hem dünýäniň ýaşamaga iň amatsyz 27 şäheriniň sanawyna düşüpdi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG