Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Ukraina 600 million ýewro möçberinde maliýe kömegini berer


Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Jean-Klaude Junker (s) we Ukrainanyň premýer-ministri Wolodymyr Hroýsman, Brussel, 10-njy fewral, 2017.
Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Jean-Klaude Junker (s) we Ukrainanyň premýer-ministri Wolodymyr Hroýsman, Brussel, 10-njy fewral, 2017.

Ýewropa Komissiýasy Ukrainanyň barha çökýän ykdysadyýetini goldamak üçin 600 million ýewro möçberinde maliýe kömegini bermäge razy bolup, karz bermegiň şertleriniň daşynda birnäçe aýlap dowam eden kesgitsizligiň soňuna çykdy.

Ukrainada üç ýyl bäri dowam edýän uruş sebäpli Ýewropa Bileleşigi (ÝB) Ukrainadan edýän talaplaryny gowşatdy, ilkinji nobatda agaç eksportyna bolan gadagançylygy ýatyrdy we ukrain hökümetiniň syýasatyny üýtgetmek boýunça kanunyň taslamasyny işläp düzendigini belledi.

“Ukraina öz topragynda tutaşan urşa garamazdan, ykdysadyýetini durnuklandyrmak we reformirlemek ugrunda ajaýyp iş etdi” diýip, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Waldis Dombrowskis 16-njy martda aýtdy.

Ýewropa Bileleşiginiň maliýe kömegi bilen bagly öňe süren şertleri ykdysadyýeti döwre laýyk getirmek we Kiýewiň kök uran korrupsiýany çäklendirmegi bilen bagly.

Maliýe kömegi ÝB-iň Ukraina 2014-nji ýyldan bäri berýän jemi 2.8 milliard ýewro möçberindäki puluň düzümine girýär. Ukraina bu pula uly mätäçlik çekýär.

Fewral aýynda Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Jean-Klaude Junker Ukraina 600 million ýewro möçberinde pul kömeginiň berilmegi barada ýurduň premýer-ministri Wolodymyr Hroýsmana aýtdy.

XS
SM
MD
LG