Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Ak tamyň öňki maslahatçysyna ‘$67,000 töledi’


“RT” telekanaly tarapyndan görkezilen gala konserti döwründe Fliniň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň gapdalynda oturan pursatyny görse bolýar.
“RT” telekanaly tarapyndan görkezilen gala konserti döwründe Fliniň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň gapdalynda oturan pursatyny görse bolýar.

Birleşen Ştatlarda geçirilen prezident saýlawlaryndan öň, Ak tamyň öňki milli howpsuzlyk maslahatçysy Maýkl Fline (Michael Flynn) rus kompaniýalary tarapyndan 67,000 amerikan dollaryndan gowrak pul tölendi diýlip, ABŞ-nyň demokrat kongresmeniniň ýaýradan resminamalarynda aýdylýar.

Birleşen Ştatlaryň Maryland ştaty boýunça wekili Elijah Kummings (Elijah Cummings) prezident Donald Trampyň administrasiýasyndan Fliniň daşary ýurt hökümetleri bilen gatnaşyklary we bähbitleri barada hemmetaraplaýyn maglumatlary bermegi sorady.

Gürrüňi edilýän resminamalarda Fliniň 2015-nji ýylyň dekabr aýynda Moskwadaky dabara gatnaşanlygy üçin Russiýa döwleti tarapyndan goldanylýan “RT” telekanalyndan 33,750 amerikan dollaryny alandygy görkezilýär. Bu waka Fliniň Trampyň kampaniýasynda resmi taýdan maslahatçy bolmazyndan birnäçe aý öňe gabat gelýär.

Fliniň “RT” bilen maliýe gatnaşyklary daşary ýurt hökümetlerinden sowgatlar baradaky konstitusion düzgünnamany bozup biler diýip, Kummings aýtdy.

Ol, Tramp Flini milli howpsuzlyk maslahatçysy edip bellemezden ozal, onuň alyp baran işleri barada ABŞ-nyň Wekiller öýündäki Gözegçilik we hökümet reformalary hakynda komitet tarapyndan geçirilen derňewler döwründe ele salnan resminamalary ýaýratdy.

Geçen aý öňki armiýa general leýtenantynyň dekabr aýynda Russiýanyň Birleşen Ştatlardaky ilçisi bilen geçiren gepleşikleri dogrusynda wise-prezident Maýk Pense (Mike Pence) we Ak tamyň beýleki resmilerine doly maglumat bermändir diýen habarlar ýaýransoň, Tramp Flini milli howpsuzlyk maslahatçysy wezipesinden çekilmäge mejbur etdi.

Fliniň Russiýa bilen gatnaşyklary ABŞ-nyň Federal howpsuzlyk býurosy tarapyndan (FBI) jikme-jik derňelýär we bu Wekiller öýüniň we Senatyň komitetiniň Trampyň kampaniýasyndaky resmiler bilen orsýetlileriň arasyndaky gatnaşyklar baradaky derňewleriniň bir bölegidir.

Täze ýaýradylan resminamalarda Fliniň we onuň uly ogly Maýkl Fliniň (Michael Flynn Jr) Moskwa eden saparynyň dowamynda eden çykdajylarynyň, şol sanda gymmatbaha myhmanhananyň töleginiň “RT” – Birleşen Ştatlaryň aňtaw jemgyýeti tarapyndan rus hökümetiniň propaganda ýaragy diýlip häsiýetlendirilýän – telekanaly tarapyndan tölenendigi görkezilýär.

“RT” telekanaly tarapyndan görkezilen gala konserti döwründe Fliniň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň gapdalynda oturan pursatyny görse bolýar.

Kummings Fliniň “RT” telekanalynyň tölegini kabul etmegi, Birleşen Ştatlaryň Konstitusiýasynyň sylag baradaky düzgünnamalaryny bozdy diýdi. Bu düzgünnamalarda dynç alşa, ýagny pensiýa çykan harby ofiserleriň daşary ýurt häkimiýetlerinden sylag ýa-da sowgat kabul etmegi gadagan edilýär.

“RT” telekanaly özüni garaşsyz habar ulgamy diýip atlandyrýar, ýöne ABŞ-nyň aňtaw gulluklary tarapyndan ýanwar aýynda ýaýradylan hasabatda indi uzak wagt bäri Birleşen Ştatlaryň hökümeti tarapyndan “RT-nyň” rus propaganda ýaragy hökmünde hasaplanylýandygy mälim edildi.

Mundan başga-da, Fliniň geçen ýylyň awgust we sentýabr aýlarynda Waşingtonda eden çykyşlary üçin hem 11,250 amerikan dollaryny alandygy barada resminamalarda aýdylýar. Ol bu çykyşlaryň birini “Volga-Dnepr Airlines” atly Russiýanyň çarter kargo howaýollary kompaniýasy, beýlekisini düýbi Russiýada ýerleşýän “Kaspersky Government Security Solutions Inc.” kiber howpsuzlyk firmasy üçin etdi.

XS
SM
MD
LG