Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň öňki prezidentiniň gyzy «propaganda» üçin tussag edildi


 Faýeze Haşemi
Faýeze Haşemi

Eýranyň sudy öňki prezident, merhum Akbar Haşemi Rafsanjaniniň gyzyny «režime garşy propaganda ýaýradýandygy üçin» diýip, türme tussaglygyna höküm etdi. Bu barada 17-nji martda, eýran mediasynda habar berildi.

Bu Yslam respublikasynda 19-njy maýa bellenen prezident saýlawlaryndan öň reformaçy oppozisiýa garşy görülýän çäreleriň soňky mysalydyr.

Pragmatist prezident Hassan Rohaniniň berk liniýaly garşydaşlary nobatdaky saýlawda häkimiýeti gaýtadan öz kontrollaryna geçirmegiň umydyny edýärler.

Oppozisiýadaky «Kaleme» websaýty Faýeze Haşeminiň, sud häkimiýetlerini we rewolýusiýa goragçylary korpusyny tankytlap aýdan sözleri üçin, «döwlete garşy propaganda we ýalan maglumat ýaýratmakda» aýyplanyp, ýene alty aý türme tussaglygyna höküm edilendigini ýazdy.

55 ýaşyndaky Haşemi ýurduň sud häkimiýetleriniň ýolbaşçysy aýatolla Sadik Amil Larajani berk tankyt etdi. Reformaçy deputatlar sudlaryň ýolbaşçysyny korrupsiýada aýyplaýarlar.

Aýal hukuklaryny goraýan aktiwist Haşemi parlamentiň ozalky agzasy we onuň suduň höküminden arz etmek üçin 21 güni bar.

Ol ozal, 2012-nji ýylda hem döwlete garşy propaganda ýaýratmakda aýyplanyp, alty aý türme tussaglygyna höküm edilipdi.

XS
SM
MD
LG