Ermeni paýtagtynda tapgyr ikinji gün, türmeden boşadylan aktiwist ýogalandan soň, ýüzlerçe protestçi toplandy.
49 ýaşyndaky Artur Sargisýan türmede 25 gün açlyk yglan etdi we 16-njy martda, hassahana operasiýa etmek üçin eltilende ýüreginden tutup öldi.
Protestçiler Sargisýanyň ölüminiň doly derňelmegini talap edýärler. Ol geçen ýyl, oppozisiýadaky ýaragly adama kömek etmek aýyplamasynda tussag edilipdi.
Protestçiler 17-nji martda Ýerewanyň merkezinden ýöriş etdiler, emma polisiýa olary Adalat ministrliginiň binasyna goýbermedi.
Protestçileriň käbiri aktiwistiň ölüminde prezidenti aýyplap gygyrdy, beýlekileri adalat we saglyk ministrleriniň işden çekilmegini talap etdi.