Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Professsor Ançeski türkmen ykdysadyýetinde reforma görmeýändigini aýdýar


Dabara gatnaşýan raýatlar

Halkara walýuta fondunyň işgärleri 6 - 17-nji mart aralygynda Türkmenistanda bolup, türkmen ykdysadyýetiniň çylşyrymly daşarky synaglara, şol sanda nebit-gaz nyrhlarynyň yzygiderli aşaklamagy bilen bagly kynçylyklara garşy çäre görmegini dowam etdirýändigini aýdyp, beýanat çap etdiler.

Jenap Martin Sommeriň ýolbaşçylygyndaky toparyň gelen netijesine görä, türkmen ykdysadyýetiniň gysga möhletli perspektiwada daşarky faktorlaryň täsirini kemeltjek çäreler tapgyryny görmegi, hususan-da döwletiň inwestisiýa programmalaryna maýa ýatyrmakdaky paýyny düýpli kemeltmegi zerur.

Synçylaryň köpüsiTürkmenistan1991-nji ýylda garaşsyz bolaly bäri iň çynlakaý ykdysady çökgünlik bilen ýüzbe-ýüz boldy diýip hasaplaýar we türkmen prezidenti öz çykyşlarynda ýurduň ykdysady kynçylyklaryny esasan daşarky ýagdaýlar bilen baglanyşdyrýar.

Emma Angliýanyň Glazgow uniwersitetiniň professory, Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça ekspert Luka Ançeski bu pikir bilen doly ylalaşmaýar. Onuň pikirine görä, Türkmenistanyň ýüzbe-ýüz bolan ykdysady kynçylyklary daşarky synaglar bilen bagly-da bolsa, hakykatda içerki faktorlardan uç alýar.

«Sebäbi bu kynçylyklar hökümetiň ykdysady gurluşy özgerdip, gaýtadan gurup, galkyndyryp bilmezligi, ýagny türkmen hökümetiniň iş başarmazlygy bilen bagly» diýip, Ançeskýi Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Ançeskiniň pikirine görä, energiýa bazaryndaky islendik üýtgeşikligiň, eksport mümkinçilikleriniň we nyrhlaryň üýtgemeginiň türkmen ykdysadyýetini şeýle sarsgyna düşürmegi türkmen hökümetiniň wagtynda ýeterlik çäreleri görmändigini görkezýär. Şu sebäpden ol Türkmenistanyň häzir garaşsyzlyk alaly bäri iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigini aýdýan synçylar bilen ylalaşýandygyny, sebäbi Aşgabadyň gaz eksport etmek möçberi saklanyp galsa-da, alýan girdejisiniň juda azdygyny aýdýar.

Şeýle-de professor türkmen režiminiň gazdan gelýän girdejileri ulanyp, ýurt içindäki kontrollygy barha we barha ýokarlandyrmak bilen meşgul bolandygyny belleýär.

Halkara walýuta fondunyň işgärleri Türkmenistanyň makroykdysady we maliýe ýagdaýlaryna baha bermek, öňde duran ykdysady synaglary we ileri tutulmaly syýasaty ara alyp maslahatlaşmak üçin uly derejeli hökümet resmileri, parlament agzalary,önüm öndürijileriň we maliýe pudagynyň wekilleri, alymlar, diplomatlar bilen duşuşdylar.

Gelnen netijä görä, senagaty ösdürmek, eksport edilýän gazyň möçberini artdyrmak ugrunda görülýän çäreler türkmen ykdysadyýetiniň durnuklaşmagyna belli derejede ýardam edýär. Emma muňa garamazdan, häzirki daşarky operasiýalaryň hasap defisiti saklanyp galýar.

Bank işgärleriniň pikirine görä, Türkmenistan eksport maksatly,imortyň ornuny tuýatn önümleri öndürmek, döwlet eýeçiligindäki kärhanalary hususylaşdyrmak, kiçi biznesi goldamak, regionlaryň we pudaklaryň ählisine deňagramly çemeleşmek boýunça çäreler tapgyryny görmeli.

Gepiň gerdişine aýdylsa, türkmen metbugaty hökümet maslahatlarynda bu diýilýän çäreler barada yzygiderli gürrüň edilýändigini habar berýär.

Emma muňa garamazdan, Glazgow uniwersitetiniň preofessory Ançeskiý türkmen hökümetiniň görýän gysga möhletli çäreleriniň ykdysadyýete giň täsir ýetirmeýändigini, belki-de hiç bir täsiriniň ýokdugyny öňe sürýär.

«Hakykatda, meniň görýän zatlarym esasan şol bir meňzeş zatlar, ýagny Berdimuhamedow täze alyjylara köpräk gaz satmaga synanýar, häzirki ýagdaýda bolsa gaz satmaga däl-de, gaz senagatyna köpräk maýa çekmäge synanýar, bu onuň biraz öň Katara eden saparyndan hem belli boldy» - diýip, professor Luka Ançeski aýtdy.

Ançeskiniň pikirine görä, bu ýagdaýlar türkmen lideriniň ykdysadyýeti reforma etmäge çynlakaý çemeleşmeýändigini, bu ugurdaky syýasy meýliniň gowşakdygyny görkezýär.

Teswirleri gör (9)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG