Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz prezidenti Azattygy halkara sudyna bermekçi bolýar


Prezident Almazbek Atambaýew
Prezident Almazbek Atambaýew

Gyrgyz prezidenti Almazbek Atambaýew Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Gyrgyz gullugyny «halkara sudlaryna» bermäge taýýardygyny aýtdy.

Atambaýew 24-nji martdaýurt içinde «Azattyk» diýip bilinýän radionyň üstünden Waşingtona sapary mahalynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampa hem şikaýat etmek isleýändigini aýtdy.

Sentýabr aýynda ABŞ-a sapar etmekçi bolýan Atambaýew özüne Azatlyk radiosynyň Gyrgyz gullugy we Gyrgyzystanyň garaşsyz Zanoza.kg habar websaýty tarapyndan, oppozisiýadaky Ata-Meken partiýasynyň tussag edilen lideri Ömürbek Tekebaýew bilen bagly habarlarda töhmet atylýandygyny öňe sürýär.

Ata-Meken 1-nji martda Tekebaýewiň gyrgyz prokurorlary tarapyndan ýanwarda Bişkegiň golaýynda ýykylan türk uçary baradaky subutnamalary basmak üçin nyşana alnandygyny öňe sürdi. Bu hadysada ýük uçarynyň ekipaž agzalary we ýerdäki 35 adam ölüpdi.

Aýdylmagyna görä, Tekebaýew Türkiýäniň howpsuzlyk gulluklaryndan MyCargo 747-400 uçarynyň Atambaýewe hem-de onuň aýalyna degişli ýükleri getirýändigi baradaky dokument alyp gelýärkä saklanypdyr.

AÝ/AR oppozisiýanyň aýdýanlary bilen bilelikde hökümetiň inkär etmelerini hem habar berdi. AÝ/AR wise-prezidenti we baş redaktory Nenad Pejiç 24-nji ýanwarda: "AÝ/AR özüniň deňagramly we professional hasaplaýan habarynyň uzynda durýar, biz Atambaýew bilen onuň aladalaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin AÝ/AR duşuşyga islendik wagt açyk» diýdi.

XS
SM
MD
LG