Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň Uzak Gündogarynda we Sibirde korrupsiýa garşy protestler başlandy


Biýsk – Nawalny Sibirde öz programmasyny maslahatlaşýar.
Biýsk – Nawalny Sibirde öz programmasyny maslahatlaşýar.

Orsýetiň Uzak Gündogarynda we Sibirde rus oppozisioneri Alekseý Nawalnynyň ýolbaşçylygyndaky korrupsiýa garşy protestler başlandy.

Wladiwostokda polisiýa azyndan 30 adamy tussag etdi.

Ýerli metbugat serişdeleri 1müň çemesi adamyň şäher häkimiýetleri tarapyndan ygtyýar berlen proteste çykandygyny habar berýär.

Günorta Sahalinde bolan protestde 5, protestden soň bolsa 9 adam adam tussag edildi.

Amur boýundaky Komsomolsk şäherinde 6 adam tussag edildi.

Planlaşdyrylan ýygnanyşyklar Nawalnynyň korrupsiýa garşy topary 2-nji martda premýer-ministr Dmitriý Medwedewi korrupsiýada aýyplaýan hasabat çap edeninden soň geçirilýär.

2011-nji we 2012-nji ýyllarda Orsýetde hökümete garşy uly demonstrasiýalaryň gurnalmagyna kömek eden Nawalnyý Moskwanyň köçelerine, öz sözleri bilen aýdylsa, prezident Wladimir Putiniň ýakyn töweregindäki resmileriň arasynda giň ýaýran korrupsiýa garşy 15 müň çemesi adamy çykarjakdygyny aýdýar.

Guramaçylar bu protestleriň orsýetiň 98 şäherinde geçirilmegine umyt baglaýandyklaryny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG