Türkmenistan 1-nji aprelden başlap telegepleşikleri “TürkmenÄlem52” atly öz emeli hemrasy arkaly berip başlar, diýlip media maglumatlarynda habar berilýär.
“TürkmenÄlem52” 2015-nji ýylyň 28-nji aprelinde ABŞ-nyň Florida ştatynyň Kanaweral burnundaky kosmodromdan Falkon-9 raketa göteriji arkaly kosmosa uçurylypdy.
Türkmenistanyň ilkinji telearagatnaşyk emeli hemrasynyň orbitada öz ornuny tutup, türkmen döwlet telekanallaryny görkezmäge taýýardygyny 2015-nji ýylyň iýun aýynda türkmen mediasy habar beripdi.
Türkmenistan “TürkmenÄlem 52oE” emeli hemrasyny şeýle-de tutuş Merkezi Aziýada, Eýranda, Türkiýede, Demirgazyk Afrikada we Ýewropanyň uly böleginde gepleşik bermek üçin ulanylyp boljakdygyny aýdýar.