Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB-niň ýokary sudy Rosneft babatyndaky sanksiýalary kanuny diýip kesgitledi


Orsýetiň Rosneft kompaniýasynyň edarasy, Moskwa
Orsýetiň Rosneft kompaniýasynyň edarasy, Moskwa

Ýewropa Bileleşiginiň ýokary sudy bileleşigiň Moskwanyň Krym ýarymadasyny öz düzümine goşmagy bilen bagly hereketi üçin Orsýetiň energiýa ägirdi Rosneft kompaniýasy babatynda girizen sanksiýalaryny kanuny diýip kesgitledi.

Ýewropanyň Adalat sudunyň (ECJ) 28-nji martda eden beýanatynda “çäklendiriji çäreler ... Ukrainadaky krizise jogap hökmünde Orsýetiň käbir kompaniýalary, şol sanda Rosneft babatynda kanunydyr” diýilýär.

ÝB Orsýete garşy sanksiýalaryny 2014-nji ýylda Moskwanyň Krymy bikanun Ukrainadan bölüp öz düzümine goşmagynyň yzýany iýul aýynda girizdi we soňra Moskwanyň gündogar Ukrainadaky separatistleri goldamagy sebäpli ýene ýaýbaňlandyrdy.

Rosneft kompaniýasy ÝB-niň sudunyň kararyna gynanç bildirip, “karar Ýewropada kanun hökmürowanlygynyň ýerini syýasy ýagdaýyň täsiriniň eýeländigini görkezdi” diýdi.

XS
SM
MD
LG