Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Booking.com" Türkiýede petiklendi


booking.com
booking.com

Internetiň üsti bilen halkara syýahatçylyk hyzmatyny gurnaýan "booking.com" Türkiýedäki internet sahypasynyň petiklenmegi barasynda şikaýat eder. Internet sahypasy "adalatsyz bäsleşik" edýändigi öňe sürlip petiklenýär.

"The Independendt" gazetinde Simon Kalderiň ýazmagyna görä, Stambulyň arbitraž kazyýeti birnäçe gün mundan owal ol firmanyň türkiýeli müşderilere Türkiýede myhmanhana satmagyny gadagan edýär. Edil häzir hem ol internet sahypada Türkiýäniň myhmanhanalary bilen baglanyşykly bildirişler bar. Ýöne olary diňe daşary ýurtlular satyn alyp bilýärler. Türkler bolsa öz ýurdundan başga islän ýerindäki myhmanhana bilen hyzmatdaşlyk edip bilýär. Owaldan baglaşylan şertnamalar bolsa öz güýjüni goraýar.

550 müň funt-sterling jerime

Türkiýäniň monopoliýany düzgünleşdirýän gullugy mundan owal "booking.com" tarapyndan hödürlenýän "iň gowy baha" teklibiniň bazardaky bäsdeşligi bozýandygy barada karar kabul edýär. Firmanyň Türkiýedäki şahamçasy bolan "Bookingdotcom Destek Hizmetleri Ltd" atly firma şu sebäpden 2,5 million türk lirasy, ýagny 550 müň funt-sterling möçberinde jerime töleýär.

Firmany kazyýete Türkiýäniň syýahatçylyk we gezelenç gulluklarynyň bileleşigi bolan TURSAB arza-şikaýat edipdir.

Arza-şikaýatda "booking.com" firmasynyň bazardaky güýçli ýagdaýyndan peýdalanyp, ýerli syýahatçylyk we gezelenç gulluklaryna zarba urýandygy öňe sürülýär. Ýöne bu ugurda gazetiň sowallaryna TURSAB tarapyndan hiç kim jogap bermändir.

"booking.com" atly internet sahypasynda müşderilere şeýle ýüzlenilýär: "Siz özüňize iň arzan bahany tapyp bilersiňiz". Ýöne "booking.com" barada mundan owal hem birnäçe gezek arza-şikaýat edilýär we walýuta kursy bilen baglanyşykly derňewler geçirilýär. Firmanyň bäsdeşleri "booking.com"-yň özleriniň internetdäki bahalary arzanlatmagyna päsgelçilik döredýändigini we şeýlelikde bäsdeşligi bökdeýändigini öňe sürýär.

Sebäbi Niderlandiýa bilen bolan galmagalmy?

"booking.com" "The Independendt" gazetine beren beýannamasynda, türk kazyýetiniň kabul eden karary bilen ylalaşmaýandygyny we kanunyň kanuny ýoldan üýtgedilmegi üçin hukuk işlerini alyp barýandygy aýdylýar.

Firma öz beýannamasynda: "E-kommersiýa firmasy we tehnologiýa prowaýderi höküminde, bazarda hoşmeýilli hem adalatly bäsleşige gowy goşant goşýandygymyza berk ynanýarys. Türkiýeli müşderilere aç-açanlykda we arkaýynçylykda elýeterli iň gowy şertleri döredip, tutuş dünýädäki bahalary deňeşdirip, özüne iň amatly bolanyny saýlap almaga mümkinçilik döredilendir" diýýär.

"booking.com" Türkiýede 13 müň myhmanhana bilen hyzmatdaşlyk edýändigini we olaryň bildirişlerini ýaýradýandygyny bildirýär.

Makalada nygtalmagyna görä, bu global firma ABŞ-yň "Priceline Group" atly şereketler toplumyna agzadyr. Ýöne ol firma Amsterdamda ýerleşýär.

"booking.com"-yň syýasy galmagalyň pidasy bolandygy barasynda hem gürrüňler edilýär.

Häzirki wagtda Niderlandiýa bilen Ankara hökümetiniň arasynda diplomatiki dartgynlylyk höküm sürýär. Munyň sebäbi bolsa, Niderlandiýada Türkiýede aprel aýynda geçiriljek referendum bilen baglanşykly çärelere rugsat berilmezligidir.

Ýöne TURSAB öz arza-şikaýatyny kazyýete syýasy galmagaldan owal beripdir.

XS
SM
MD
LG