Aýdylşyna görä, soňky wagtlarda daşary ýurtlardaky türkmen migrantlarynyň sosial ulgamlary işjeň ulanmagy we internetde Türkmenistan bilen baglanşykly temalara ünsi barha güýçlendirmegi, şeýle-de Türkiýede türkmen migrantlarynyň gatnaşmagyndaky wakalaryň köpelmegi Aşgabat hökümetini diýseň alada goýýana meňzeýär.
Azatlyk Radiosyna gelip gowuşýan maglumatlarda Türkmenistanyň howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň Türkiýedäki käbir işjeň türkmen migrantlarynyň hossarlaryny soraga çekip, soň hem olaryň "sem bolmagy üçin" dogan-garyndaşlaryna dürli görnüşde basyş edýändigi aýdyýar.
Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanyny Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň Türkmenistanda howpsuzlyk işgärleri tarapyndan basyş edilýän hossarlarynyň, dogan-garyndaşlarynyň we tanyş-bilişleriniň başdan geçirýän ýagdaýlaryna gönükdirýär.
Gepleşigi diňläp, bu temadaky öz tejribeleriňizi, pikirdir-garaýyşlaryňyzy dünýä türkmenleri bilen paýlaşmak üçin aşakdaky foruma teswir galdyryp bilersiňiz.
Teswirleri gör (10)
Has köp teswir ýükle