Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermeniler parlament saýlawlarynda ses berýär


Prezident Serž Sarkisýan ses berýär.
Prezident Serž Sarkisýan ses berýär.

Ermeniler 2-nji aprelde geljek ýyl, hökümetiň planlaşdyrylan parlament sistemasyna geçmegineýolbaşçylyk etjek parlamenti saýlamak üçin ses berýärler.

Parlamentde orun almaga çalyşýan dokuz partiýa we olaryň ýaranlary tarapyndanýaýbaňlandyrylan kampaniýada esasan 3 million ilatly Günorta Kawkaz ýurdunyň ykdysady kynçylyklaryna üns berildi.

Pikir soraýyşlar bäsleşikde prezident Serž Sarkisýanyň dolandyryjy Respublika partiýasy bilen öňki koalisiýa partnýory, sag-ganat, orsýetçi tütjar Gakik Tarukian tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Tsarukian ýaranlagynyň arasyndaky tapawudyň örän golaýdygyny görkezýär.

2015-njiýylda tassyk edilen konstitusiýa düzedişlerine laýyklaykda Ermenistanyň premýer-ministriniňedarasy has uly ygtyýarlyga eýe bolar we prezidentlik esasan parlament tarapyndan saýlanylýan dabaraly wezipä öwrüler.

Bu özgerişlikler Sarkisýanyň 2018-nji ýylda tamamlanýan ikinji we ahyrky möhletinde bolup geçmeli. Tankytçylar beýle üýtgeşikligiň oňa iki möhlet prezidentligi tamam bolanyndan soň hem häkimiýetde galmak mümkinçiligini bermek üçin girizilýändigini aýdýarlar.

Sarkisýan bu aýdylýanlary ret edýär. Emma eger-de dolandyryjy partiýa ýekelikde ýa-da koalisiýada parlamentde köplüge kontrollyk etmäge ýeterlik ses alyp bilse, ol öz ýerine ýetirijilik häkimiýetini premýer-ministr hökmünde dowam etdirip biler.

Şeýle-de ol, öz partiýasynyň lideri hökmünde, ýa-da öz saýlap-seçen oruntutary arkaly, täsirini saklap galyp biler.

Saýlawda bäsleşýän beýleki sekiz partiýa ýa-da syýasy birleşikler, Respublika partiýasynyň esasy garşydaşy Tsarukian ýaranlygy bolup durýar.

Bölünip aýrylmazyndan we özüni oppozision güýç diýip yglan etmezinden öň,Tsarukian Respublika partiýasynyň koalision partnýorydy.

Saýlawdan öň, eger-de ses berişlikde hiç tarap dolandyryş üçin ýeterlik ses alyp bilmese,Tsarukian ýaranlygynyň ýene Respublika partiýasy bilen koalisiýa gurmak islejegi ýa islemejegi aýdyň bolmady.

Ermenistanyň Rewolýusiýa federasiýasy, häzir dolandyryjy respublikaçylar bilen koalisiýada durýan kiçiräk partiýa, eger-de Tsarukian islemese,Sarkisýanyň partiýasyna köplük koalisiýasyny düzmäge ýardam edip biler.

Pikir soraýyşlar parlamentde kimiň näçe orun aljagyny aýdyňlaşdyryp bilmedi.

Parlamentde orun almak üçin partiýa azyndan 5 prosent ses almaly bolsa, ýaranlyk azyndan 7 prosent ses almaly.

Sag-ganat konserwatiw ORO ýaranlygy, ozalky hökümet ministrleriniň üçüsi tarapyndan döredilen topar talap edilýän sesi alyp, parlament orunlaryny eýelär öýdülýär.

Bu ýaranlyk Baku bilen Azerbaýjanyň bölünip aýrylan Dagly-Garabagkonfliktini çözmek meselesinde gepleşilmegi babatynda Sarkisýanyň respublikaçylaryna garanda has berk liniýany tutýar.

Pikir soraýyşlar ýene üç sany syýasy partiýanyň parlament orunlaryny gazanmak mümkinçilikleriniň bardygyny görkezýär.

XS
SM
MD
LG