Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hökümete tarapdar gyrgyz deputaty korrupsiýada aýyplandy


Muzaffar Isakow
Muzaffar Isakow

Gyrgyzystanda hökümete tarapdar deputat korrupsiýada aýyplandy, bu soňky iki aýda ýurtda şeýle aýyplama bildirilen altynjy ýokary derejeli şahs bolup durýar.

Milli howpsuzlyk komiteti 31-nji martda Muzaffar Isakowyň, prezidente tarapdar Sosial demokratik partiýa wekilçilik edýän deputatyň derňew dowam edýän wagtynda Bişkekden çykmasyz edilendigini aýtdy.

Isakow Jalalabatda bir şähere ýolbaşçylyk edýärkä, 2010-2015-nji ýyllarda bikanun emläk paýlaşmak shemasyna ilteşiklilikde aýyplanýar.

Soňky wagtlarda korrupsiýada alty adam aýyplanan hem bolsa, Isakow olaryň içinde Gyrgyzystanyň dolandyryjy koalisiýasyna degişli birinji resmi bolup durýar.

XS
SM
MD
LG