Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa türkmen gazyny almagy ‘göz öňünde tutmaýar’


"Gazprom" geçen ýylyň ýanwarynda Türkmenistandan gazy almagyny doly togtadypdy.
"Gazprom" geçen ýylyň ýanwarynda Türkmenistandan gazy almagyny doly togtadypdy.

Russiýanyň “Gazprom” kärhanasy türkmen gazyny ýaňadandan satyn alyp başlamagy göz öňünde tutmaýar. Bu barada “Gazpromyň” prawleniýesiniň başlygynyň orunbasary žurnalistlere maglumat berdi.

Weleriý Golubýew häzir Russiýanyň özünde gaz önümçiliginiň artandygyny aýdyp, gazyň ulanylman, artyk galýandygyny hem sözüne goşdy.

“Öz [artyk galýan] gazymyzy näme etjegimizi bilmeýän ýagdaýymyzda, bize başga biriniň gazyny satyn almak nämä gerek?” diýip, Golubýew nygtady.

Waleriý Golubýew
Waleriý Golubýew

Ol Russiýada goşmaça gaza mätäçlik bolan wagty türkmen gazyny satyn almak mümkinçiliginiň döräp biljekdigini aýtsa-da, häzir beýle zerurýetiň ýokdugyny-da belläp geçdi.

“Belli bir döwürde [ýurduň] käbir sebitlerinde gaz ýetmezçiliginiň bolan bolmagy mümkin. Belki-de, biz gaz ýataklarynyň özleşdirilişi boýunça yza galandyrys – muňa birneme wagt gerekdi. Şol döwürde goňşularymyz, esasan-da, Özbegistandan we Türkmenistandan gazy alýardyk. Emma häzirki günde biziň gaz pudagymyz gaz önümçiligini artdyrdy” diýip, “Gazpromyň” prawleniýesiniň başlygynyň orunbasary Waleriý Golubýew belledi.

Ýatladyp geçsek, geçen ýylyň tomsunda “Gazpromuň” dolandyryşynyň başlygynyň orunbasary Aleksandr Medwedew türkmen gazyny satyn almak baradaky ylalaşygy täzelemek mümkinçilikleririni aradan aýyrmaýandygy barada çykyş edipdi.

Azatlyk Radiosynyň ozal-da habar berşi ýaly rus nebit-gaz kärhanasynyň geçen ýylyň ýanwarynda, Türkmenistandan gazy almagyny doly togtadypdy.

“Türkmengaz” döwlet konserni “Gazprom-Eksport” kärhanasynyň 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, türkmen gazyny satyn almak baradaky özara Ylalaşygy möhletinden has öň, birtaraplaýyn görnüşde ýatyryp, türkmen gazyny almagyny bes edýändigini habar beripdi.

“Gazprom” hem öz gezeginde özara Ylalaşygyň gazyň bahasy sebäpli bozulandygyny aýdyp, Türkmenistanyň bu ugurda konstruktiw pozisiýada durmaýandygyny öňe sürüpdi. Şu ýylyň martynda bolsa rus nebit-gaz kompaniýasy anyk maglumatlar bermese-de, “Türkmengazy” Ylalaşygy “ýatyrmaga sebäp bolýan şertleri göre-bile döretmekde” aýyplapdy.

Iki tarapyň bir-birini aýyplamagy netijesinde, bu iş halkara arbitraž suduna baryp ýetdi.

Geçen ýylyň aýagynda “Gazprom” bu dawanyň halkara derejesinde garalmagyny 2018-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli yza tesdirendiklerini we bu kararyň geljekki hyzmatdaşlyk üçin, öz aralarynda kabul ederlikli çözgüt tapmak maksady bilen baglydygyny habar beripdi.

Ozalky ýyllarda türkmen gazynyň esasy hyrydary bolan Russiýanyň arasyndaky gaz söwdasynyň möçberi 2009-nji ýylyň aprel aýynda iki ýurdy baglaşdyrýan “Orta Aziýa – Merkez” gaz geçirijisinde bolan partlamadan soň çürt-kesik azaldy. 2008-nji ýylda 70 milliard kubometr gaz öndüren Türkmenistan 47 milliard m3 gazy Russiýa akdyrypdy. “Gazprom” 2009-njy ýylda Türkmenistandan diňe 10-11 milliard kubometr gazy satyn aldy we 2015-nji ýylda satyn alan türkmen gazynyň möçberini 4 milliard kubometre çenli çäklendirdi.

Galyberse-de, Golubýewiň Russiýanyň gazy daşardan satyn almaga zerurlygynyň ýokdugyny mälim etmegi, “Gazpromyň” Özbegistan bilen gaz satyn almak boýunça ilkinji orta möhletleýin ylalaşyk baglaşmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Şol bir wagtda, şu ýylyň başyndan bäri, iberilen gazyň tölegi meselesindäki ylalaşmazlyk netijesinde, Eýrana-da türkmen gazynyň akdyrylmagy bes edildi.

Munuň netijesinde, häzir türkmen gazynyň ýeke-täk bir müşderisi – Hytaý galdy.

Halkara bilermenler bu ýagdaýlarda gaz söwdasyna bil baglaýan Türkmenistanyň gazdan gelýän girdejisiniň peselmegini we ykdysady kynçylyklary başdan geçirýändigini belleýärler.

XS
SM
MD
LG