Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan biometriki pasporty internet arkaly almak üçin hyzmat girizdi


Türkmenistanyň pasportlary
Türkmenistanyň pasportlary

Türkmenistanyň raýatlarynyň indi biometriki pasportyny internet arkaly taýýarladyp bilýändigi media maglumatlarynda habar berildi.

Türkmenistanyň Döwlet migrasion gullugynyň resmi websaýtynda biometriki pasporty üçin ýüzlenmäge we onuň taýýarlyk derejesini yzarlamaga mümkinçilik berýän elektron hyzmaty göz öňünde tutulypdyr.

Türkmenistanyň biometriki pasporty raýatlaryň ýurduň daşyna çykmagy we ýurda dolanmagy üçin zerur. Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy tarapyndan taýýarlanýan bu dokumentkämillik ýaşyna ýeten raýatlara 10 ýyl, 16 ýaşyna ýetmedik çagalara 5 ýyl möhlet bilen berilýär.

Türkmenistan biometriki pasporty 2008-nji ýylyň 10-njy iýulynda kabul etdi. Mundan öň türkmenistanlylar ýurduň daşyna Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny esasynda syýahat edýärdiler.

Käbir synçylar, biometriki pasportyň girizilmegi bilen Türkmenistanyň daşynda zähmet çekýän müňlerçe raýatyň köne pasportyň öz güýjüni ýitirmegi sebäpli, ýurduna dolanmak mümkinçiliginden mahrum bolandygyny belleýärler.

XS
SM
MD
LG