Sepleriň elýeterliligi

Çeçenistanyň mejlisi mekdeplerde hijaba rugsat berdi


Çeçenistanyň mejlisi

Çeçenistanyň mejlisi okuwçylaryň mekdeplere dini we milli däplere görä geýim-gejim bilen gatnamagyna rugsat berýän kanun taslamasyny kabul etdi.

Bu maglumaty 31-nji martda "RIA Nowosti" habar gullugy ýaýratdy.

Ýatlap geçsek, respublikanyň baştutany Ramzan Kadyrow golaýda eden bir çykyşynda, hijaply gyzdan duşman obrazyny döretmeli däldigini nygtapdy.

Mejlisiň başlygy Mogamed Daudow öz beýannamasynda, kanun taslamasyna görä, okuw jaýlarynyň we bilim berilýän beýleki ýerleriň esasy hak-hukuklarynyň berjaý edilişi jedelleşilmeli däldir.

Mejlisde şol bir wagtyň özünde täze kanun taslamasynyň Russiýanyň bilim kanunyna ters gelmeýändigi hem aýratyn bellenýär.

Ýeri gelende bellesek, orta mekdeplerde hijap we beýleki dini eginbaşlar geýmek meselesi Russiýada köp jedelleşiklere sebäp bolýar.

Russiýanyň bilim ministri Olga Wasilýewa ýanwar aýynyň ahyrynda eden bir çykyşynda, "Adamlar dine uýýandygyny hökman haýsam bolsa bir dini nyşanyň üsti bilen görkezmäge synanyşmaly däldir" diýdi.

Çeçenistanyň baştutany Ramzan Kadyrow bolsa onuň sözlerini berk tankytlap, hijaba garşy çykýanlaryň aslynda mekdeplerdäki başga problemalar bilen meşgullanmagynyň gerekdigini nygtaýar.

XS
SM
MD
LG