Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti milli puluň durnuklylygyny üpjün etmegi tabşyrdy


Daşary ýurt walýutasynyň elden söwdasy, Türkmenistan
Daşary ýurt walýutasynyň elden söwdasy, Türkmenistan

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň maliýe sistemasynyň durnuklylygyny, maýa goýumlaryň aktiwligini, milli pul - manadyň durnuklylygyny we alyjylyk ukybyny üpjün etmegi tabşyrdy, diýlip türkmen hökümetiniň 6-njy aprelde mälim edendigini Trend agentligi habar berdi.

Maglumata görä, türkmen prezidenti ýurduň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini saklamak üçin banklar kredit aktiwligini artdyrmaly diýip belläpdir.

Türkmenistan 2015-nji ýylda öz milli pulunyň bir amerikan dollary babatyndaky hümmetini 3.5 manat derejesinde kesgitläp, bu görkezijini iki ýyldan gowrak wagt bäri üýtgewsiz saklap gelýär.

2016-njy ýylyň başynda ýurduň Merkezi Banky nagt walýuta çalyşygyny resmi taýdan gadagan etdi. Şondan bäri bank hasaplarynyň üsti bilen guramalar we raýatlar üçin göz öňünde tutulan walýuta operasiýalaryna çäklendirmeleriň ençemesi girizildi.

Türkmenistanda walýutanyň biresmi çalyşygy amala aşyrylýar. “Gara bazarda” bir amerikan dollarynyň bahasy resmi kursdan azyndan iki esse gymmat.

XS
SM
MD
LG