Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan: Zähmet bileleşigiň aktiwisti türmä höküm edildi


Gazagystanyň zähmet bileleşiginiň aktiwisti Nurbek Kuşakbaýew, Astana, 3-nji aprel, 2017
Gazagystanyň zähmet bileleşiginiň aktiwisti Nurbek Kuşakbaýew, Astana, 3-nji aprel, 2017

Gazagystanyň zähmet bileleşiginiň aktiwisti Nurbek Kuşakbaýew nebitçileriň ýanwar aýynda geçirilen iş taşlaýşy sebäpli iki ýarym ýyllyk türme tussaglygyna höküm edildi.

Astananyň sudy 7-ni aprelde Kuşakbaýewi bikanun iş taşlaýyşy öjükdirmekde günäli tapdy we ony şol günüň özünde tussag edilmegini tabşyrdy.

Şeýle-de sud Kuşakbaýewiň “Tehno söwda” kompaniýasynyň iş taşlaýyşdan çeken zyýanynyň öwezini dolup, 80 müň dollar möçberinde jerime tölemegi hakynda karar çykardy.

Gazagystanyň günbatar Mangystau regionynyň “Nebitgurluşyk” kompaniýasynyň zähmet bileleşiginiň agasy Kuşakbaýew ýanwar aýynda bileleşigiň ýapylmagyna protest bildirip, ýüzlerçe işçiniň iki hepdeläp geçiren iş taşlaýyşynyň dowamynda tussag edilipdi.

Iş taşlaýyş ýerli suduň aksiýanyň bikanundygy barada çykaran kararyndan soň bes edilipdi.

Kuşakbaýew özüniň bigünädigini aýdýar. Onuň aklawçylary suduň kararyndan şikaýat etjekdigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG