Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Hormatly il ýaşulysy” Žirinowskiý prezident Berdimuhamedowy öwýär


Orsýetiň Liberal demokratik partiýasynyň başlygy Wladimir Žirinowskiý
Orsýetiň Liberal demokratik partiýasynyň başlygy Wladimir Žirinowskiý

Orsýetiň Liberal demokratik partiýasynyň başlygy Wladimir Žirinowskiý Türkmenbaşyda “Hormatly il ýaşulysy” diýen hormatly ada mynasyp bolanyndan soň, president Gurbanguly Berdimuhamedowy ýurduny gowy bilýän syýasatçy hökmünde taryplady.

Žirinowskiý Liberal demokratik partiýanyň resmi saýtynda çap edilen sözlerinde Türkmenistan bilen ykdysadyýetiň ähligi pudagy, ylym we medeniýet boýunça gowy gatnaşygyň ýola goýlandygyny, bu ýurtda rus diliniň öwrenilişinden örän hoşal bolandygyny aýdýar.

Wladimir Žirinowskiý, ak mermerli jaýlaryny görüp, Türkmenbaşy şäherini hem taryplady. Onuň sözlerine görä, “ak daşyň reňki döwletiň bitaraplyk durumyna laýyk gelýär.”

Žiriniwskiý mundan öň Merkezi Aziýa ýurtlary hakynda başga pikirdedi, ýagny olaryň Orsýetiň düzüminde “merkezi aziýa federal okrugy” bolmalydygyny aýdýardy.

XS
SM
MD
LG