Sepleriň elýeterliligi

Metbugata syn: Tillersonyň Moskwa sapary garjaşyklygy aýyrmaga uly täsir etmedi


Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Reks Tillerson we onuň rus kärdeşi Sergeý Lawrow.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Reks Tillersonyň 13-nji aprelde Moskwa amala aşyran sapary örän güýçli iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň gowulanmagyna o diýen täsir etmedik ýaly bolup görünýär. Bu sapar Siriýada edilen şübheli himiki hüjüm we Birleşen Ştatlaryň daşary syýasat ugry babatda gapma-garşylyklaryň saklanyp galýan mahalynda amala aşyryldy.

Prezident Donald Trampyň administrasiýasynyň iki resmisi bilen geçirilen ýokary derejedäki gepleşiklerden soň, resmiler “hemme wagtdakysyndan iň pes derejesine ýeten” gatnaşyklary gowulandyrmak tagallalaryny iki tarap hem seresaplylyk bilen goldady diýdiler.

Halkara media serişdeleriniň sözbaşylarynda we analitikleriň teswirlerinde Tillerson ilki rus kärdeşi Sergeý Lawrow, soňra prezident Wladimir Putin bilen duşuşanda, taraplaryň arasynda örän az umumy garaýyşlaryň bolandygy öňe sürüldi.

“New York Times” neşiri özüniň “Tillerson we Putin duşuşykda oňşuksyzlykdan başga zat tapyp bilmedi” diýen sözbaşy bilen çap eden maglumatynda iki adamyň geçen hepde Siriýada amala aşyrylan şübheli himiki hüjüm bilen baglanyşykly faktlar dogrusynda hem ylalaşyga gelip bilmändigini ýazdy. Şol hüjümiň yz ýany, Trampyň tabşyry esasynda Birleşen Ştatlaryň güýçleri Siriýanyň howa bazasyna 59 sany Tomahawk raketasyny atypdy.

“Döwlet sekretary Reks Tillersonyň çarşenbe güni Moskwa eden sapary rus-amerikan gatnaşyklarynyň nähili pese gaçýandygynyň ýene bir delili boldy” diýip, “New York Times” neşiriniň redaksiýasynyň kommentariýsinde bellenilýär.

Iki tarapyň Tillersonyň saparyndan öň we sapar mahalynda özara igençlere sebäp bolan Siriýa meselesi barada pozisiýalaryny üýtgedendigini aňladýan alamat görünmedi.

Tillerson Siriýada alty ýyl bäri dowam edýän urşuň dowamynda prezident Başar al-Assadyň hökümetiniň 50-den gowrak himiki hüjümi amala aşyrandygyny we siriýa lideriniň uruş jenaýatlary bilen aýyplanyp biljekdigini aýtdy.

Bu aralykda, Lawrow ABŞ-nyň raketa hüjümlerini “Siriýa garşy amala aşyrylan bikanun hüjüm” diýip häsiýetlendirdi we geljekde şeýle hereketleriň öňüniň alynmalydygyny aýtdy.

Trampyň özi hem Waşington bilen Kremliň arasyndaky gatnaşyklaryň gowulanmak perspektiwalaryna o diýen ynanmaýan ýaly bolup görünýär. Ol Putin bilen gatnaşyklary gowulandyryp boljagyna umyt bildirdi we “Biz näme bolýanyny göreris” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

“Taraplar biri-birine karzy bar ýaly hereket edýärdiler. Häzir hiç kim bir adamyň başga birine karzy ýa-da bergisi bar ýaly hereket etmeýär” diýip, “The Guardian” gazeti Moskwanyň Karnegi merkezinden Aleksandr Baunowyň sözlerine salgylandy.

Analitikleriň köpüsi Siriýa edilen raketa hüjümleri Birleşen Ştatlaryň syýasatynyň yza öwrülmeginiň alamaty diýip häsiýetlendirdiler.

Mundanam başga, Tramp 12-nji aprelde Ak tamda bolan metbugat ýygnagynda Günbataryň harby ýaranlygynyň “indi möwritini ötüren däldigini” aýtdy. Ol ozal NATO-nyň maksadalaýyklygyny gaýta-gaýta şübhe astyna alypdy.

Tramp NATO-nyň terrorizme garşy göreşdäki roluny öwdi we bu ýaranlygy “halkara parahatçylygynyň we howpsuzlygynyň daýanjy” diýip atlandyrdy.

Ol agza bolup durýan beýleki döwletleriň ýaranlygy maliýeleşdirmekde has kän iş etmelidigi baradaky çagyryşyny gaýtalady we “Ýewropa döwletleri bar bolan borçlaryny tölemeli” diýdi. Şeýle-de ol ýaranlygy Yraga we Owganystana kömek etmekde has köp tagalla etmäge çagyrdy.

Şu aralykda prezident Donald Tramp twitterde: "ABŞ bilen Orsýetiň arasynda hemme zat gowy bolar. Hemmeler wagty gelende özaklyna aýlanar we uzagyndan parahatçylyk bolar!” diýip ýazdy.

XS
SM
MD
LG