Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Orsýetiň Owganystan boýunça geçirýän konferensiýasyna gatnaşmajagyny aýtdy


ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat wekili Mark Toner

Waşington Owganystanda barlyşygy gazanmak boýunça 14-nji aprelde Orsýetde geçiriljek konferensiýa gatnaşmagy planlaşdyrmaýar, diýip ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat wekili Mark Toner aýtdy.

“Biz bu regional gepleşiklere gatnaşmagy planlaşdyrmaýarys” diýip Toner 13-nji aprelde aýtdy we “onuň maksady anyk däl” diýip belledi. Şeýle-de Toner munuň “Orsýetiň regionda birtaraplaýyn täsirini görkezmek boýunça synanyşygyna meňzeýändigini” aýtdy.

Moskwa Owganystanda milli ýaraşyk prosessine we “Talybanyň” hem owgan hökümetiniň arasynda göni gepleşiklere bagyşlanan maslahata 12 ýurdy çagyrdy.

Dekabr aýynda Moskwa Owganystanda ýaraşyk prosesine başlamak boýunça Orsýetiň, Pakistanyň we Hytaýyň diplomatlarynyň gatnaşmagynda konsultasiýalary geçirdi. Fewral aýynda maslahatlaryň formaty ýaýbaňlandyrylyp, oňa Owganystan, Eýran we Hindistan goşuldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG