Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Prezident Berdimuhamedow çilimkeşlige garşy 'göreşi güýçlendirýär'


Bikanun satylýan temmäki önümleri, Türkmenabat, 17-nji noýabr, 2016.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni “Türkmenistanda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreş boýunça Çarçuwaly konwensiýasyny durmuşa geçirmegiň 2017-2021-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny taýýarlamak hakyndaky” karara gol çekdi.

Döwlet eýeçiligindäki media häzir Türkmenistanyň “temmäkä garşy göreşde öňdäki orunlary eýeläp, beýleki ýurtlara görelde bolýandygyny” belleýär.

Neşiriň maglumatyna görä, “zyýanly endikleri ýok etmek we Türkmenistany 2025-nji ýyla çenli temmäkiden azat ýurda öwürmek maksady bilen... Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreş boýunça Çarçuwaly konwensiýasyny Türkmenistanda durmuşa geçirmegiň ýakyn bäş ýyl üçin Milli maksatnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy.

Emma habar bu taslamada çilimkeşleriň we çilimiň garşysyna indi nähili çäreleriň görüljekdigini anyklaşdyrmaýar.

Türkmenistanda soňky döwrüde “ýaramaz endiklere garşy göreş” tagallasynyň çäginde temmäki önümleriniň söwdasy dolulygyna döwlet monopiliýasyna geçirildi we ýurtda çilim gytçylygy, çilimiň uly nobatlary döredi.

Şeýle-de synçylar, döwletiň goldawynda, ýurtda dören çilim gytçylygyndan uly gazanç edýän adamlaryň hem bardygny öňe sürýärler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG