Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Unudylan goşun: Britaniýanyň 400 müň musulman esgeri


Hindistanyň goşuny

Orta mekdepde okan taryh sapaklarymyzda, olar hakda, ýagny Britaniýa imperiýasynyň gizlin goşuny barasynda hiç zat agzalmaýar.

I-nji Jahan Urşunda 400 müňden köp musulman Britaniýa üçin söweşip heläk bolupdyr. Ýöne geçirilen derňewler britaniýalylaryň köpüsiniň mundan bihabardygyny görkezýär.

Barlagyň netijesinde mälim bolýar...

Britaniýalylaryň jemi ýüzden 22 göterimi musulmanlaryň I-nji Jahan Urşunda söweşendigini bilýär. Olaryňam ýüzden 2 göterimi musulmanlaryň gaty uly ýitgiler çekendigini bilýär.

Muňa görä, diýmek, jemgyýetiň ýüzden 78 göterimi Britaniýanyň esgerleri bilen egin-egne berip söweşen on müňlerçe esgerden bihabar.

Şeýle maglumatlary integrasiýa meseleleri bilen meşgullanýan "British Future" guramasynyň geçiren ylmy-barlaglary ýüz çykardy.

Guramanyň maksatnamasyny ugrukdyrjysy Awaes Mohammad şeýle tagallanyň ugrunda ylgap, uruşda Hindistanyň oýnan roluny çagalara düşündirmäge synanyşýar.

Awaes çagalara taryh barada sapaklar berýär. Taryhçy Jahan Mahmood bolsa oňa goldaw berýär.

Soň çagalar üçin uruşda söweşen esgerleriň neslinden bolan adamlar bilen söhbetdeşlikler geçirer.

Bilinmeýän we aýdylmaýan taryhmy?

Bu "Bilinmeýän we aýdylmaýan taryh - musulmanlaryň I-nji Jahan Urşundaky goşandy" maksatnamasyna goşulan meýilnamadan biri bolup durýar. Tagalla bolsa Heritage Lottery Foundation maliýe kömegini berýär.

"Urşa bir ýarym million adam gatnaşypdyr. Bu imperiýanyň galan ähli ýurtlaryndaky esgerleriniň bar sanyndan hem köpdir" diýen Awaes sözüni şeýle dowam edýär: "Olar Günbatar frontda söweşipdir. Nemesler öňe süýşýän mahaly olar Britaniýa goşunyna güýçli goltgy höküminde örän möhüm rol oýnapdyrlar.

Biz olaryň goşan goşandyny unutmaly däldiris... Muny ýatlamak ildeşlerimiz üçin örän wajypdyr.

Bu hakydaly jemgyýetde ýagşylygy köpeldýän güýçdür. Çünki bu adamlary birleşdirýär, jebisleşdirýär, adamlaryň ýurda degişlilik duýgusyny pugtalandyrýar, ýaşlara hem watandan ullakan paý berýär".

Uruş turanda Hindistanyň goşuny 1,3 million esgerden ybarat ekeni. Olaryň düzüminde 100 müň sikh we 800 hindust esger hem bar ekeni.

Şeýle ullakan goşunyň 60-62 müň esgeri söweşlerde heläk bolupdyr.

Diňe Neuwe Şappelle söweşinde ýüzlerçe hindistanly esger wepat bolupdyr. Olaryň müňden gowragy Gallipolide (Dardanelde-Çanakgalada) heläk bolupdyr. Messopotamiýada 700 müň esger söweşipdir.

"Olar Ýewropada söweşmäge taýýar däldi"

Olar urşa taýýarlyksyz, egninde tropiki howa şertlerinde geýilýän eginbaş we şeýle-de mehaniki tüpeňlerden bihabar ýagdaýda gelipdirler.

"Olaryň köpüsi britaniýalylar bilen ilkinji gezek bilelikde hereket edýärdi. Howa şertleri ýaly landşaft hem düýpgöter tapawutlydy. Üznüksiz ýagyş ýagýardy, olar bolsa tropiki eginbaşdady. Olar Ýewropada söweşmäge taýýar däldi.

Bu durşy bilen täze we başgaça uruşdy. Olaryň köpüsi uçary we awtomatiki tüpeňi ilkinji gezek görýärdi. Olardan biri öz ýazan hatynda, ol ýaraglary göýä aždarha ýaly taryp edip, krokodile meňzeýän ýaraglaryň hem bardygyny ýazypdyr. Ol suwasty gämilere şeýle baha beren ekeni" diýip, 36 ýaşyndaky Awaes gürrüň berýär.

Hindi esgerlerden biri maşgalasyna iberen hatynda şeýle diýipdir: "Gülleler edil musson ýagşy ýaly ýagýar. Jesetler bolsa mekgejöwen meýdanynda palaç ýatyrylan ýaly bolup ýatyr".

Sekiz sany hindistanla edermenligine görä iň ýokary nyşan bolan "Wiktoriýa haçy" berlipdir.

"Tikenek simler çekilen ekeni"

"Aýdylyşyna görä, uruşda ölenleri äkitmek üçin hem bolsa, söweş meýdanyndan gaýtmaly däl edilipdir. Ýöne musulmanlaryň söweş meýdanyndan gaýtmagy adaty ýagdaýa öwrülipdir. Çünki olar öz däplerine görä, wepat bolan adamlary jaýlaman duryp bilmändirler" diýip, Awaes belleýär.

"Olara nähili çemeleşilendigine baha bermek gaty kyn. Meselem, "Braýton Pawilionyny" hindistanly esgerler sebäpli keselhana öwrüpdirler. Ol ýerde döredilen şertler gowy bolupdyr. Şa maşgalasynyň agzalary ýygy-ýygydan esgerleri görmäge gelipdir.

Ýöne soň Braýtonda ýerleşýän Kitçener keselhanasy tussaghana öwrülipdir. Daş-töweregine tikenli sim örülipdir. Hindileriň şähere çykmagynyň öňüni almak üçin, şeýle çäre görüpdirler. Olaryň akýagyz zenanlar bilen gezmegine gaty ýigrenç bilen garalypdyr" diýip, Awaes Mohammad aýdýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG