Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ-nyň milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi Pakistana bardy


ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi, goşun general-leýtenanty H.R. MakMaster.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi H.R. MakMaster owgan liderleri bilen Kabulda geçiren gepleşikleriniň ertesi Pakistana bardy.

MakMasteriň 17-nji aprelde Yslamabada eden sapary Donald Trampyň 20-nji ýanwarda döwlet başyna geçeli bäri ABŞ-nyň täze administrasiýasynyň resmisiniň Pakistana eden ilkinji wiziti boldy.

ABŞ-nyň milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisiniň Pakistanyň syýasy we harby ýolbaşçylary bilen gepleşiklerinde Owganystandaky urşy we Pakistanyň owgan söweşiji toparlaryna berýändigi güman edilýän goldawy barada maslahat etmegine garaşylýar.

Kabula eden saparynyň dowamynda MakMaster Yslamabady “Talybany” we onuň Owganystandaky “uzak wagtlyk urşy müdimileşdirmek” niýetini goldamazlyga çagyrypdy.

Pakistan söweşiji toparlara goldaw bermeýändigini aýdýar we Owganystany söweşijileriň öz territoriýasyndan Pakistana geçip hüjümleri amala aşyrmagyna ýol bermekde aýyplaýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG