Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow 2025-nji ýyla çenli çilimkeşligi doly aradan aýymagy planlaşdyrýar


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Prezident G. Berdimuhamedow “Türkmenistanda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreş boýunça Çarçuwaly konwensiýasyny durmuşa geçirmegiň 2017-2021-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny taýýarlamak hakyndaky” karara gol çekdi.

Döwlet eýeçiligindäki media serişdesi türkmen lideriniň bu karara anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň ýygnagynda gol goýandygyny aýdyp, häzir Türkmenistanyň “temmäkä garşy göreşde öňdäki orunlary eýeläp, beýleki ýurtlara görelde bolýandygyny” habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, “zyýanly endikleri ýok etmek we Türkmenistany 2025-nji ýyla çenli temmäkiden azat ýurda öwürmek maksady bilen... Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreş boýunça Çarçuwaly konwensiýasyny Türkmenistanda durmuşa geçirmegiň ýakyn bäş ýyl üçin Milli maksatnamasynyň taslamasy taýýarlandy”.

Emma habarda bu taslamanyň çäginde çilimkeşleriň we çilimiň garşysyna indi nähili çäreleriň görüljekdigi anyklaşdyrylmaýar.​

Söwda dükany.
Söwda dükany.

Türkmenistanda soňky döwürde “ýaramaz endiklere garşy göreş” tagallasynyň çäginde temmäki önümleriniň söwdasy dolulygyna döwlet monopoliýasyna geçirildi we çilimiň söwdasyna ençeme tapgyr çäklendirme girizildi.

2016-njy ýylyň 18-nji martynda prezident Berdimuhamedow ýörite karara gol çekip, ýurda temmäki önümlerini getirmegiň we satmagyň ähli ygtyýaryny Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine beripdi.

Şondan soň, çilim resmi taýdan diňe döwlet dükanlarynda satylyp başlandy. Emma çilimiň döwlet dükanlarynda-da aýda bir ýa-da iki gezek, käwagtlar bolsa, birnäçe aýda bir gezek satylmagy ýurtda çilim gytçylygyny we dükanlaryň öňünde adamlaryň uly nobatlaryny emele getirdi.

Şu ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen prezident saýlawlaryndan 10 gün çemesi ozal çilimiň döwlet dükanlaryndaky satuwy hem doly ýatyryldy. Şol bir wagtyň özünde, hususy eýeçilikdäki dükanlarda bolsa, gadagançylyga garamazdan, çilimiň satuwy aç-açan diýen ýaly dowam edýär we onuň bahasy gün-günden gymmatlaýar.

Türkmenistanda 'pes hilli' temmäki önümlerinden ýasalan çilim.
Türkmenistanda 'pes hilli' temmäki önümlerinden ýasalan çilim.

Ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň käbirleri, döwletiň goldawynda, ýurtda dörän çilim gytçylygyndan uly gazanç edýän adamlaryň hem bardygyny öňe sürýärler.

Mundanam başga, ýerli synçylaryň we çilimkeşleriň ençemesi ýurtda “ýaramaz endiklere garşy göreş” tagallasynyň çäginde, temmäki önümleriniň söwdasyny çäklendirmek boýunça dürli tagallalaryň alnyp barylýandygyny, emma adamlaryň çilimi taşlamagyna ýardam bermek üçin ýörite maslahat beriji merkezleriň açylmaýandygyny ýa-da olaryň çilimden saplanmagyna kömek etjek ýörite derman serişdeleriniň ýurtda tapdyrmaýandygyny belleýärler.

Galyberse-de, olar ýurtda çilimkeşleriň sanynyň azalmaýandygyny, munuň deregine “pes hilli” temmäki önümlerini ulanýan ýa-da nasa geçýän adamlaryň sanynyň artýandygyny nygtaýarlar.

2015-nji ýylda Bütindünýä Saglyk guramasynyň başlygy Margaret Çan Türkmenistanyň iň az çilim çekýän ilatly ýurtdygyny aýdypdy. Aşgabatda geçirilen forum döwründe Çan “derňewler Türkmenistanyň ilatynyň diňe 8%-niň çilim çekýändigini görkezýär” diýdi.

Türkmenistan 2011-nji ýylyň maý aýynda Bütindünýä Saglyk guramasynyň “Temmäkä garşy göreşmek” boýunça çarçuwaly konwensiýasyna goşuldy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG