Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda uçar we otly biletleri gymmatlady


Türkmenistanda uçar biletleriniň satylýan ýeri.

14-nji aprelde geçirlen Ministrler kabinetiniň mejlisinde, Türkmenistanda uçarlaryň we ýolagçy otlularynyň petekleriniň ýokarlandyrylmagy barada aýdylyp geçildi.

Bu kararyň kabul edilmegini döwlet ýolbaşçysy hem goldap, her ýylda aýlyk we pensiýa haklarynyň, kömek pullarynyň 10 göterim galdyrylmagy, ulaglaryň petekleriniň ýokarlanýan bahasyny ýapýandygyny nygtady.

Emma aşgabatly ýaşaýjy 45 ýaşly telekeçi, ownuk söwda bilen meşgul bolýan Aýnanyň aýtmagyna görä, ulaglaryň ýol nyrhlarynyň galdyrylmagy ilatyň gün-güzeranyna juda ýaramaz täsir edýär.

“Ýol petekleriniň bahalary demirýol ulaglarynda we içerki howa gatnawlarynda o diýen görünmese-de, daşary ýurtlara gatnaýan uçarlarda bu gymmatlaşyk has ýiti duýulýar” diýip, Aýna aýdýar.

Şol bir wagtda, daşary ýurda gatnaýan uçarlaryň petekleriniň bahasynyň ilata duýdurylman, has öňräkden bäri ýokarlanyp gelnendigini hem Aýna sözüne goşýar.

Mundan 10 aý ozal Stambula uçýan uçarlaryň ýol nyrhy iki ýüzi üçin 1040 manat bolsa, şu ýylyň mart aýynyň başyna ol 1310 manat bolupdyr. Ministrler kabinetiniň mejlisinde petekleriň bahalaryny ýokarlandyrmak barada aýdylandan soň, ol petek üçin 1670 manat töländigini aýdýar.

Petekleriň nyrhlarynyň diňe bir Türkmenhowaýollarynyň uçarlarynda däl-de, Türkhowaýollaryna degişli uçarlarda hem ýokarlandyrylandygyny ýaşaýjylar aýdýarlar.

Türkhowaýollarynyň uçar biletleri ozal Aşgabat-Stambul aralygyna iki ýüzi üçin 350 amerikan dollaryna duran bolsa , häzir iki ýüzi üçin 475 amerikan dollaryna çenli ýokarlanypdyr.

Içerki howa gatnawlarynda bahalaryň 5 manat galdyrylandygyny, Aşgabat-Mary aralygyna şu günki gün uçar peteginiň bir ýüzi üçin 65 manada, Aşgabat-Türkmenabat aralygyna 76 manada, Aşgabat-Türkmenbaşy aralygyna 82 manada satyn alyp bolýandygyny, Türkmenhowaýollarynyň Aşgabatdaky agentliginiň sorag-jogap bölüminden eşitse bolýar.

Demirýol petekleriniň nyrhlarynyň bolsa 2 manat galdyrylandygyny Aşgabat-Mary, Aşgabat-Türkmenbaşy aralygyna çenli ýolagçy otlusynyň kupe wagonynyň petegniň nyrhy 18 manatdan 20 manada, orunlary takyk wagonyň petegniň nyrhy 10 manatdan 12 manada çenli galdyrylandygyny ýolagçylar aýdýarlar.

Daşary ýurtlara uçýan uçarlaryň petekleriniň ýokarlanmagy, ownuk söwda bilen meşgul bolýan Aýnanyň aýtmagyna görä, bazarlarda harytlaryň nyrhlarynyň ýokarlanmagyna getirýär.

Bir ýandan dollaryň gara bazarynyň ýokarlanmagy, bir ýandan petekleriň ýokarlanmagy telekeçileriň söwdasyny kynlaşdyrýar.

“Biz öz getirýän harytlarymyzyň nyrhyny galdyrmasak, zyýana galmaly bolýarys. Bazarlarda nyrhlaryň ýokarlanmagy bolsa, ilatyň gündelik durmuşyna juda ýaramaz täsir ýetirýär. Häzir telekeçileriň söwdasy durmasa-da, durandan enaýy däl. Söwda juda haýal barýar, sebäbi ýönekeý alyjyda pul ýok. Her kim zeruryýetini zordan edinýär. Telekeçilerem ol aýdan ol aýa söwdasy peselip, öz çykdajysyny zordan ýapýarlar. Käte nirä ýöreýänimizi hem bilmän, zyýana galýan halatlarymyzam kän bolýar” diýip, Aýna aýdýar.

Döwlet ýolbaşçylarynyň ýylda 10 % galdyrýan aýlyk haklarynyň agyz dolduryp aýdar ýaly ilata täsiriniň ýokdugyny, ilatyň gün-güzeranynyň gün-günden kynlaşýandygyny görmezlige salynmagynyň barypýatan gözboýagçylykdygyny ýaşaýjylar nygtaýarlar.

Şol bir wagtda, Türkmenhowaýollarynyň Aşgabatdaky agentliginde bilet satyn alýan ýolagçylaryň juda azalandygyny hem görse bolýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG