Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan we Eýran özara hyzmatdaşlygynyň geljegini maslahat etdiler


Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif
Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif

Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif Türkmenistanyň prezidenti bilen 17-nji aprelde Aşgabatda geçiren duşuşygynda döwletara hyzmatdaşlygyň “käbir gyzyklanma döredýän taraplaryny” ara alyp maslahat etmek üçin döredilen mümkinçilige minnetdarlyk bildirdi diýip Türkmenistanyň resmi mediasy habar berdi.

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowyň ýurtlaryň diplomatik gatnaşyklarynyň, şeýle-de syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar aragatnaşyklarynyň ösüşiniň öňe tarap depginli häsiýetini nygtandygy bellendi. Şu ýyl Türkmenistan we Eýran diplomatik gatnaşyklarynyň 25 ýyllygyny belleýärler.

Geçen ýylyň aýagynda Aşgabadyň we Tähranyň arasynda gaz söwdasyna degişli dörän dawa bilen baglylykda Türkmenistan Eýrana tebigy gaz akdyrmagyny bes edipdi.

6-njy martda Eýranyň ISNA habar agentligi ýurduň Milli gaz kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Hamidreza Arakä salgylanyp, häzirki wagt Tähran Halkara arbitraž tribunalyna hödürlenjek resmi dokumentleri bir ýere jemleýär diýdi.

Türkmenistanyň bilen Eýranyň arasyndaky gaz söwdasy 1997-nji ýylda baglaşylan şertnama esasynda amala aşyrylýar.

XS
SM
MD
LG