Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gaçgak täjik polkownigi Halimowyň oglunyň tussag edilendigi aýdylýar


Gulmurod Halimowyň
Gulmurod Halimowyň

“Yslam döwleti” (YD) ekstremist toparyna goşulan täjigistanly öňki polisiýa polkownigi Gulmurod Halimowyň 18 ýaşly oglunyň tussag edilendigini onuň garyndaşlary habar berdiler.

Behruz Gulmorodowyň garyndaşlarynyň 17-nji aprelde AÝ/AR-na aýtmagyna görä, ol üç hepde mundan ozal tussag edilip, daşky dünýäden üzňelikde saklanýar.

Maşgala onuň tussag edilmeginiň sebäpleri barada özlerine hiç hili düşündiriş berilmändigini aýdýar. Gulmurodowyň tussaglygyny garaşsyz tassyklap bolmady.

Behruz Gulmorodowyň kakasy polkownik Gulmurod Halimow Täjigistanyň Içeri işler ministrliginiň ýörite güýçleriniň (OMON) ýolbaşçysydy. Ol 2015-nji ýylyň aprel aýynda ýitirim boldy we yzýany internet arkaly çykyş edip, özüniň YD goşulandygyny yglan etdi.

Geçen ýylyň awgust aýynda ABŞ Halimowy YD toparynyň baş agzasy atlandyrdy we ýerleşýän ýeri barada maglumat üçin üç million dollar möçberinde pul baýragyny yglan etdi.

Günbatar mediasy Yragyň resmisine salgylanmak bilen Halimowyň Mosul şäherinde howa hüjüminde öldürlendigini 14-nji aprelde habar berdi.

XS
SM
MD
LG