Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aşgabatda Zarif 'Eýran agyr günde dostuny ýatdan çykarmaz' diýdi


Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif.

Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif Eýran bilen Türkmenistanyň sarsmajak baglarynyň bardygyny aýdyp, Tähran agyr günde öz dostuny hiç haçan ýatdan çykarmaz diýdi.

Zarif bu barada 17-nji aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professorlarynyň we studentleriniň gatnaşmagynda geçirilen ýygnakda belläp geçdi diýip, Eýranyň media serişdeleri habar berýärler.

Ýeri gelende bellesek, Eýranyň daşary işler ministriniň Aşgabada eden bu sapary iki ýurduň arasynda dörän gaz dawasyndan birnäçe aý soňa gabat geldi.

“Biz bu ýerde Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky ýakyn we akýürekli gatnaşyklaryň 25 ýyllygyny resmi taýdan bellemäge geldik. Biz regionda haos, terrorçylyk we ekstremizm güýçlenýän mahaly, howpsuz we durnukly döwletler hökmünde iki ýurduň giňgerimli syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklarynyň bardygyna begenýäris” diýip, Zarif aýtdy.

Şeýle-de, ol iki ýurduň arasynda gaz we energetika pudaklary boýunça hyzmatdaşlyklaryň artdyrylmalydygyny hem sözüniň üstüne goşdy. Ýöne Zarif Eýranyň “agyr günlerde öz dostuny hiç haçan ýatdan çykarmajakdygyny” diýmek bilen, Türkmenistanymy ýa-da regiony göz öňünde tutýandygyny aýdyňlaşdyrmady.

Merkezi Aziýa regiony boýunça eýranly ekspert Şahin Başiri Zarifiň “agyr günler” diýeninde, Türkmenistany nazara alýandygyny, emma onuň näme sebäpden şeýle sözleri aýdandygy barada anyk bir zady aýtmagyň kyndygyny belleýär.

“Metbugatda çykan habarlary göz öňünde tutanymyzda, meniň pikiriçe, ol regiony däl-de, hakykatdanam Türkmenistany göz öňünde tutýar. Jenap Zarif örän diplomatik adam. Şol sebäpli ol şeýle sözleri diplomatik gepleşiklerde köp ulanýar. Men onuň “agyr günler” diýeninde hakykatdanam Türkmenistany nazara alýandygyna ynanýaryn. Ýöne onuň nämäni göz öňünde tutýandygyny aýtmak kyn. Sebäbi ol bu barada hiç hili düşündiriş bermedi” diýip, Başiri aýtdy.

Mundanam başga, ol Zarifiň Aşgabada eden saparynyň dowamynda, Türkmenistan babatda örän pozitiw çykyşlary edip, iki ýurduň gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýändigini nygtamaga çalyşandygyna hem ünsi çekdi.

“Meniň pikrimçe-de, ol öz çykyşynda adaty syýasy, diplomatik gepleşiklerden geçip, Türkmenistan barada has dostlukly, pozitiw çykyşlary etdi. Ol Türkmenistana has köp ähmiýet berýändigini görkezmek islän bolmagy mümkin. Meniň pikirimçe, ol regiondaky ýagdaýlary hem nazara alyp, ‘kynçylyklara garşy göreşmek üçin, iki goňşy döwletiň birek-biregine zerurlygy bar’ diýip pikir edýän bolmagy mümkin. Sebäbi ol ýakyn däl-de, uzak geljege nähili garamalydygyny we munuň üçin nämeler edilmelidigini gowy bilýär” diýip, eýranly ekspert belledi.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, geçen ýylyň aýagynda Aşgabadyň we Tähranyň arasynda gaz söwdasyna degişli dörän dawa bilen baglylykda, Türkmenistan Eýrana tebigy gaz akdyrmagyny “birden” bes edipdi.

6-njy martda Eýranyň ISNA habar agentligi ýurduň Milli gaz kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Hamidreza Arakä salgylanyp, häzirki wagt Tähran Halkara arbitraž tribunalyna hödürlenjek resmi dokumentleri jemleýär diýdi.

1997-nji ýylda baglaşylan şertnama esaslanýan Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky gaz dawasy dogrusynda, Zarifiň Aşgabada eden saparynyň dowamynda anyk bir zat aýdylmady.

Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň aprelinde esaslandyrylypdy. Eýran Türkmenistanyň garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji döwletleriň biridir.

Teswirleri gör (2)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG