Sepleriň elýeterliligi

Müsür: Täze piramida galyndylary tapyldy


Müsürdäki piramidalaryň biri.

Müsüriñ arheologlary paýtagt Kairden 26. km uzakda ýerleşýän Dahşur sebitinde häzire çenli ylma mälim bolmadyk täze bir piramidanyñ galyndylaryny tapypdyr.

Piramidanyñ 13-nji Dinastiýanyñ döwründe salnandygy çak edilýär.

Tapylan galyndylar gaty gowy saklanypdyr. Müsüriñ gadymy baýlyklar baradaky ministrligi piramidanyñ has köp böleginiñ gazylyp ýüze çykarylmagy üçin, işleriñ dowam edýändigini bildirýär.

Tapylan galyndylar piramidanyñ içerki gurluşynyñ diñe sähelçe bir bölegini görkezýär. Arheologlar ol ýerde 15-17 santimetr göwrüminde ieroglif hatlar ýazylan mermer gabsalary hem tapypdyr.

Nobatdaky tapgyrda piramidanyñ eýesiniñ kimdigi we haýsy şalyga degişlidigi takyklanar.

Daşur sebitinde häzire çenli jemi 15 piramidanyñ bardygy äşgär edilipdir.

XS
SM
MD
LG