Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Rus häkimiýetleri metro partlamasyny kimiň buýrandygyny 'anyklady'


FSB-niň başlygy Aleksandr Bortnikow

Orsýetiň federal howpsuzlyk gullugynyň başlygy häkimiýetler 3-nji aprelde Sankt-Peterburg metrosynda 15 adamy öldüren hüjümi kimiň buýrandygyny anyklady diýýär.

FSB-niň başlygy Aleksandr Bortnikow güman edilýäniň adyny bada-bat aýtmady diýip, rus habar gulluklary ýazýar.

Häkimiýetler 50 çemesi adamy ýaralan kast ediş hüjüminiň 22 ýaşyndaky etnik özbek, Gyrgyzystanda doglan rus raýaty Akbarjon Jalilow tarapyndan amala aşyrylandygyny aýtdylar. 2013-nji ýyldan bäri Orsýetde bolan iň ganly hüjümiň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady.

Bu hüjüm bilen bagly on adam güman edilip saklandy, olaryň hemmesi öňki Sowet soýuzynyň Merkezi Aziýa respublikalaryndan gelip çykan adamlar.

Bularyň arasyna Abror Azimow hem girýär, derňewçiler onuň dogany Akram bilen partlamany gurnandygyna ynanýandyklarynyaýdýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG