Sepleriň elýeterliligi

Tillerson: Eýran bilen baglaşylan ýadro ylalaşygy şowsuzlyga uçrady


Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Reks Tillerson

19-njy aprelde Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Reks Tillerson 2015-nji ýylda Eýran bilen gelnen ýadro ylalaşygyny berk tankytlap, bu “olaryň ýadro döwleti bolmak maksadyny diňe gijikdirýär”, (...) onda Eýranyň Orta Gündogarda alyp barýan prowokasiýalary” hakda gürrüň edilenok diýdi.

Tillerson geleşik barada Trampyň administrasiýasy tarapyndan 18-nji aprelde ýola goýlan 90 günlük barlagda, Eýranyň diňe ylalaşygy ýerine ýetirip-ýetirmeýändigine däl, eýsem Tähranyň regiondaky hereketleriniň Birleşen Ştatlaryň bähbitlerine zyýan ýetirip-ýetirmeýändigine hem serediler diýdi.

Amerikanyň döwlet sekretary metbugat ýygnagynda, ylalaşyk Eýrany ýadrosyz döwlet etmekde “şowsuzlyga uçrady, ol onuň ýadroly döwlet bolmak maksadyny diňe yza süýşürýär” diýdi.

Eýran özüniň atom ýaragyny döretmek maksadynyň ýokdugyny öwran-öwran aýtsa-da, Tillerson: “Ýadro ambisiýalary dünýäniň parahatçylygyna we howpsuzlygyna wehim salýar” diýdi.

Ol soňra hem: “Kontrollykdan çykan Eýranyň Demirgazyk Koreýanyň tutan ýoluny yzarlap, dünýäni özi bilen alyp gitmek potensialy bar” diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Eýran bilen dünýäniň güýçli döwletleri, şol sanda Birleşen Ştatlar arasynda gelnen ylalaşyk girizilen ykdysady sanksiýalary ýeňilleşdirip, Eýranyň ýadro işjeňligine çäklendirme girizdi.

Tillerson bu ýadro ambisiýaly bir döwleti gysga wagtlaýyn möhleti satyn alyp, problemanyň çözgüdini geljekki nesillere galdyrmak diýýär.

“Tramp administrasiýasynyň Eýran problemasyny indiki administrasiýa galdyrmak niýeti ýok” diýip, Tillerson aýtdy.

Onuň bildirmegine görä, Tramp administrasiýasy şu we beýleki aladalary nazara almak bilen ylalaşygy täzeden gözden geçirýär.

“Eýran baradaky töwerekleýin syýasatda ondan abanýan ähli howplar göz öňünde tutulmaly, bu howplaryň hem köpdügi belli zat. Biz Eýrana onuň regiona we dünýä abandyrýan howplary boýunça giňişleýen seretmeli” diýip, Tillerson aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň 19-njy aprelde Saud Arabystanyna sapar eden goranmak sekretary Jim Mattis-de Tährany berk tankyt astyna aldy.

“Regionda nirede tolgunma bar bolsa, şol ýerde Eýran-da bar. Şol sebäpden häzirki wagtda regiondaky ähli milletler Eýrany we onuň döretmegi mümkin weýrançylyklary we durnuklylygy çäklendirmäge synanyşýarlar” diýip, Mattis aýtdy.

Eýran bilen baglaşylan geleşigiň çäklidigini ylalaşygyň tarapyny çalýanlar-da boýun alýar. Ylalaşykda girizilen esasy çäklendirme urany baýlaşdyrmak babatda. Sebäbi onuň atom bombasy üçin ulanylmagy mümkin. Ýöne bu çäklendirme on ýyllyk, şondan soňra tamamlanýar.

Ylalaşyga özüniň gazanan uly üstünlikleriniň biri diýip garaýan öňki amerikan prezidenti Barak Obama onuň Eýranyň Siriýadaky we Ýemendäki regional uruşlarda oýnaýan rolunyň ýa onuň ballistik raketalary öndürmek boýunça alyp barýan işleriniň hasaba alynmaýandygyny boýun alýar.

Obama ylalaşygyň Eýranyň ýadroly döwlet bolmagynyň öňüni almak üçin dar çäkde gyssagly döredilendigini aýdýar.

Tramp administrasiýasynyň soňky tankytlary barada Eýran tarapdan entek berlen beýanat ýok. Ýöne Eýranyň ýokary lideri Aýatolla Hameneýi Birleşen Ştatlar ýadro ylalaşygyny bozsa, Tähran öç alar diýip duýduryş berdi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG