Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda kondisionerler aýrylýar, ýene-de


Kran maşynlaryň kömegi bilen split sowadyjylar goparylyp aýrylýar. Arhiw surat

Aşgabat şäheriniň Parahat-4 etrapçasynyň ýaşaýjylarynyň split sowadyjylary häkimlikler tarapyndan indi 2-nji gezek goparlyp aýrylýar.

Parahat-4 etrapçasynyň ýaşaýjysy, 50 ýaşly öý hojalykçy Tuwak daýzanyň aýtmagyna görä, bir ýyl mundan ozal Ýubileýnaýa köçesiniň ugrunda elita atlandyrylýan ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasyna prezident Berdimuhamedowyň gatnaşmagy bilen bagly ’10 ýyl abadançylyk’ köçesiniň ugrundaky Türkmenbaşy şaýoly bilen Ýubileýnaýa köçesiniň aralygyndaky köp gatly jaýlaryň ählisinden, split sowadyjylar goparlyp aýrylypdyr.

Ýaşaýjylaryň öýde bardygyna-ýokdugyna seretmezden, kran maşynlaryň kömegi bilen häkimligiň işgärleri tarapyndan split sowadyjylar goparylyp aýrylýar. Käbir ýaşaýjylar işden gelenlerinde, öz split sowadyjylaryny gözläp tapyp almaly bolýarlar. Bu geçen ýylam, şu ýylam şeýle boldy.

“Öýde bar bolsaň, enjamyňy ýygnap alyp bilýärsiň, ýöne bu işler ýaşaýjylaryň işde wagty ýerine ýetirilýär we eýesi öýde bolmadyk enjamlara zeper ýetirilýän halatlary hem kän bolýar” diýip, Tuwak daýza sözüne goşýar.

Häzirki wagtda split sowadyjylaryň aýrylmagyny ’10 ýyl abadançylyk’ köçesi bilen Andalyp köçesiniň çatrygyndaky ýerasty geçelgäniň gurlup gutarmagy bilen, onuň açylyş dabarasyna taýýarlygyň çäginde, häkimligiň işgärleriniň açylyş dabarasyna prezidentiň gatnaşmagyna garaşylýandygy bilen düşündirýändiklerini aýdyp, bu açylyşlardan, çärelerden bizar bolan ýaşaýjylar, prezidentiňem, beýleki ýokary wezipeli işgärleriňem hatda sowadyjysy bolmadyk ulaglara hem münmeýändiklerini, ýarawsyz garrysy, ýaş çagasy bolan ýaşaýjylar barada bolsa olaryň asla alada etmeýändiklerini ýaşaýjylar nygtaýarlar.

Geçen ýyl split sowadyjylaryny aýyranlarynda, häkimlikler olary jaýlaryň daşky görküni bozmaz ýaly bir hatara goýup berjekdiklerine wada beripdiler. Emma split sowadyjylar aýrylandan soňra, olary gaýtadan goýup bermek barada berlen wada ýatdan çykypdy.

“Tomusyň jöwzasyna çydam edip bilmedik ýaşaýjylar ýene-de öz split sowadyjylaryny gurnapdylar. Split sowadyjylary aýyrmak, ony täzeden goýmak, elbetde, ýaşaýjylary uly çykdajylara goýar” diýip, bu etrabyň ýene bir ýaşaýjysy Kakabaý hem söhbetdeşlige goşulýar.

“Ozal gün-güzeranyny zordan aýlaýan ýaşaýjylara bu çykdaýjylar juda artykmaç bolýar. Splitleri goýmasaňam, hiç bir şerti bolmadyk bu jaýlarda tomusyň jöwzasynda dem almaga howa ýetenok” diýip, split sowadyjylary aýyrmak, soňra ony gaýtadan goýmak üçin 200-300 manat çykdaýjy bolýandygyny Kakabaý aýdýar.

Şol bir wagtda, indi 3-4-gün bäri bu köçäniň açylyş dabarasyna taýýarlygyň çäginde, ýol gyralarynda awtoulaglaryň goýulmazlygy, ’10 ýyl abadançylyk’ köçesi bilen baglanyşýan köçeleriň ugrunda awtoulag gatnawlarynyň bolmazlygy üçin, ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri uzakly güni ses gataldyjy enjamlaryny ulanyp, ýaşaýjylaryň rahatlygyny bozýandygyny hem ýaşaýjylar nygtaýarlar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG