Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owganystan harby bazada öldürilen 130 harbynyň ýasyny tutýar


Balh welaýatyndaky owgan esgerleri, 22-nji aprel, 2017

Owgan hökümeti 21-nji aprelde “Talybanyň” Balh welaýatyndaky harby baza eden ganly hüjüminden soň, bir günlük milli ýas yglan etdi.

Bu hüjüm netijesinde 130-dan gowrak harby gullukçy öldürildi.

Prezident Aşraf Ganiniň edarasy 23-nji aprelde, Mazary-Şerifde amala aşyrylan iň ganlü hüjümden soň, ýurtdaky baýdaklaryň ýarpy aşak ýatyrylandygyny aýtdy.

Resmiler bu hüjümi milli goşunyň harby lybaslaryny geýen jeňçileriň amala aşyrandygyny aýtdylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG