Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB-niň daşary gatnaşyklar boýunça ýolbaşçysy Moskwa bardy


Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) daşary gatnaşyklar boýunça ýolbaşçysy Federika Mogherini (s) we Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (ç), Moskwa, 24-nji aprel, 2017.
Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) daşary gatnaşyklar boýunça ýolbaşçysy Federika Mogherini (s) we Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (ç), Moskwa, 24-nji aprel, 2017.

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) daşary gatnaşyklar boýunça ýolbaşçysy Federika Mogherini ÝB-niň Orsýet bilen has gowy gatnaşyk isleýändigini aýtdy, emma Moskwanyň Krymy anneksiýa etmegi sebäpli sanksiýalaryň saklanjagyny belledi.

Federika Mogheriniň Orsýete edýän ilkinji resmi sapary Moskwanyň we Brusseliň arasynda gatnaşyklaryň dartgynlylygynyň ýokary derejä ýeten wagtyna gabat geldi.

24-nji aprelde Mogherini Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşdy. Orsýet we ÝB duşuşygyň Ukrana, Siriýa, Liwiýa we Eýran, şeýle-de ikitaraplaýyn gatnaşyklar we beýleki meseleler bilen bagly boljagyny aýdypdy.

Mogherininiň edarasy gepleşiklerde “iň dartgynly daşary syýasy meseleleriň, hususan-da, Siriýanyň maslahat ediljegini” aýtdy.

Lawrow başda ýapyk gapylaryň aňrysynda geçirilen gepleşikleriň öňüsyrasynda sözlän sözünde Orsýetiň we Günbataryň “aragatnaşyklarynda agyr döwüri başdan geçirýändigini” aýtdy.

2014-nji ýylda Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklar boýunça ýolbaşçysy wezipesine geçmeginden öň Italiýanyň daşary işler ministri bolan döwründe Orsýete simpatiýa bildirmegi bilen tanalan Federika Mogherininiň Lawrow we beýleki orsýet resmileri bilen ençeme gapma-garşy meseleleri maslahat etmegine garaşylýar.

XS
SM
MD
LG